17
Apr

Fransiýadaky Paris-Saclay Uniwersitetinde talyp haklary, 2023-2024 magistr derejesi

Fransiýadaky Paris-Saclay Uniwersitetinde talyp haklary, 2023-2024 magistr derejesi
Döwlet Fransiýa
Talyp haky Doly däl
Dereje Magistr
Deadline 2023-05-10

IDEX Master’s Scholarship daşary ýurtly talyplar üçin Fransiýanyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň biri bolan Paris-Saclay uniwersitetinde okamak üçin mümkinçilikdir. Talyp hakynyň mukdary 10.000 € we ýol töleginiň çykdajylaryny ödeýär.

Talyp haky 2023-2024-nji okuw ýyly üçin berilýär. 3-nji Investissements d’Avenir-iň çäginde IDEX maliýeleşdirilmegi bilen döredilen we akademiki üstünliklerine esaslanyp, tayp haky Université Paris-Saclay uniwersiteti tarapyndan dolandyrylýan we indiki okuw jaýlarynyň biri tarapyndan hödürlenýän magistr derejesine okuwa giren talyplar üçin berilýär: AgroParisTech, CentraleSupelec, Ecole Normale Supérieure Paris-Saclay (ENS Paris-Saclay), INSTN-CEA, Institut d’Optique Graduate School (IOGS), Université d’Evry-Val-d’Essonne (UEVE), Université Paris-Saclay (UPSaclay), Université de Versailles-Saint-Quentin-en-Yvelines (UVSQ).

Bu talyp haklar, giriş derejesine (M1 ýa-da M2) baglylykda we indiki okuw ýylyna geçmek üçin zerur kreditlere baglylykda Paris-Saclay uniwersitetinde magistr derejesini dowam etdirýän talyplara 1 ýa-da 2 ýylyň dowamynda berilýär.

Bellik: Diňe Paris-Saclay uniwersitetinden Paris-Saclay IDEX talyp hakyna arzalaryny tabşyrmaga çagyrýan e-mail hatyny alan talyplar arzalaryny tabşyryp bilerler.

 Programmalar / ugurlar:

– Ähli akademiki ugurlar boýunça okaýan talyplar talyp hakyny alyp bilerler.

– Paris-Saclay uniwersiteti tarapyndan akkreditlenen ähli magistr programmalary, hünär okuwlaryndan başga, talyp hakyna arzalaryny tabşyryp bilerler.

Talyp hakynyň mukdary:

– Paris-Saclay uniwersitetiniň talyp hakynyň mukdary ýylda 10 000 ýewro. Okuw ýylynyň dowamynda we yzygiderli 10 aýyň içinde (sentýabr-iýun aýlary) berilýär.

– Dalaşgäriň gelýän ýurduna baglylykda ýol we wiza çykdajylary üçin iň ýokary 1000 ýewro hem berilip bilner.

– Talyp hakyny gazananlar, öz talyp hakyny we ýol çykdajylaryny diňe Fransiýa gelenlerinde we kabul edilen maksatnama girenden soň alarlar.

Arza bermek prosesi:

  • Saýlanan talyplar, e-mail arkaly onlaýn arzanyň görnüşine awtomatiki usulda baglanyşyk alarlar.

Bu haty alandan soň, arzany tabşyrmak isleýän talyplar onlaýn arzany doldurmaly we dalaşgäri (okuw müdiri, professor, tejribe koordinatory …) hödürläp biljek iki salgylanmanyň adyny we habarlaşmak üçin maglumatlaryny bermeli (hökmany).

  • Dalaşgär tarapyndan görkezilen iki salgylanmanyň hersine onlaýn hödürleýiş formuna baglanyşyk iberiler. Talyp haky arzalaryň ýapylýan senesine çenli blankany doldurmak we tabşyrmak talap ediler.

Dalaşgärlere her bir salgylanmanyň ýüklenendigi barada awtomatiki habar berler.

3) Talyp hakynyň arzasy, hödürleýiş hatlaryň ikisem tabşyrylandan soň, doly doldurylan hasaplanýar.

Arza berijiniň arzany doldurandygyny tassyklaýan habar almajakdygyny ýadyňyzdan çykarmaň.

Dalaşgär, ýüz tutanlaryň ikisiniň hem çakylyk e-poçta bilen görkezilen möhletde blankany doldurmagyny we tabşyrmagyny üpjün etmeli.

Kabul ederlik:

– Indiki okuw jaýlarynyň biri tarapyndan dolandyrylýan Paris-Saclay uniwersitetiniň magistr derejesine giren talyplar: AgroParisTech, CentraleSupelec, ENS Paris-Saclay, INSTN-CEA, IOGS, UEVE, UPSaclay, UVSQ. Bu talyplaryň arasynda diňe aşakdaky kriteriýalaryň birine laýyk gelýänler arzalaryny tabşyryp bilerler:

– Giriş ýylynda ýaşy 30 ýaşdan geçmedik täze gelen daşary ýurtly talyplar.

– Fransiýada bir ýyldan az ýaşan we ozal sertifikata getirmeýän okuw kursuna ýa-da tejribelige ýazylan ýa-da tejribelik alýan daşary ýurtly talyplar.

– Fransiýada bir ýyldan az ýaşaýan we dil kursuna (FFL görnüşi) gatnaşýarn daşary ýurtly talyplar.

– Geçmişde okuw döwründe alyş-çalyş maksatnamasynyň bir bölegi hökmünde Fransiýada ýaşan talyplar (mysal üçin Erazmus Mundus, ýa-da ş.m. alyş-çalyş maksatnamasy …) emma şahadatnamy almadyk talyplar.

Kabul edilmeýän dalaşgärler:

– Okuw wagtynda fransuz ýokary okuw jaýynda okan ýa-da okaýan ähli talyplar, daşary ýurtlardaky fransuz ýokary okuw mekdebinde okaýan daşary ýurtly talyplardan başga.

– 3 ýyldan uzyn wagta okuwyny kesen talyplar.

– Aýda 650 funt sterlingden ýokary bolan islendik görnüşde maliýeleşdirme alýan talyplar.

BMG-niň Bosgunlar boýunça Ýokary Komissary (Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlar Guramasy) we MEnS (Migrants dans l’Enseignement supérieur / Ýokary bilimdäki migrantlar) birleşiginiň goldawy bilen, Paris-Saclay uniwersiteti bosgunlar ýa-da IDEX talyp haky boýunça goşmaça goragly talyplary üçin bonus ulgamyny ornaşdyrýar.

Bu statusa laýyk bolsaňyz, magistr derejesine girmek üçin arzaňyzy tabşyranyňyzdan soň salgylanma şertlerinde bellemegiňizi haýyş edýäris.

Doly däl ýa-da bellenilen möhletden soň tabşyrylan arzalar awtomatiki ýagdaýda ret ediler.

Arzany tabşyrmak üçin soňky gün: 10-njy maý, 2023

Has giňişleýin: https://www.universite-paris-saclay.fr/en/admission/bourses-et-aides-financieres/international-masters-scholarships-program-idex