10
Apr

FULBRAÝT Maksatnamasy Boýunça Magistr Derejesini Almak

FULBRAÝT Maksatnamasy Boýunça Magistr Derejesini Almak
Döwlet ABŞ
Talyp haky Doly
Okuw dili Iňlis
Dereje Magistr
Deadline 2026-05-31

Magistr derejesini almak boýunça Fulbraýt maksatnamasy üçin 2027-2028-nji okuw ýyly üçin açyk bäsleşik

Fulbraýt adyndaky maksatnamasy Türkmenistanyň meşhur ýaş hünärmenlerine 2027-njy ýylyň awgustyndan başlap, ABŞ-nyň belli bir uniwersitetinde magistr derejesini almak mümkinçiligini berýär. Bu maksatnama bir ýa-da iki ýyl dowam eder. Lukmançylyk, weterinar ylymlary, şeýle hem näsaglar bilen ýüzbe-ýüz aragatnaşygy talap edýän hünärlerden başga ähli ugurlar boýunça resminamalar kabul edilýär.

Dalaşgärlere bildirilýän talaplar (ähli dokumentler resminamanyň özüne yüklenmelidir):

  1. Ýokary okuw jaýyny tamamlandygy barada diplom we  ýany bilen berilýän transkripsiýa
  2. СV ýa-da rezýume.
  3. Ýokary okuw jaýyny tamamlanyndan soň, azyndan 2 ýyl iş tejribesi bolmaly.
  4. Üç (3) sany hödürnamalar (resminama bilen bilelikde tabşyrylmaly).
  5. Iňlis dilini ýokary derejede bilmek.
  6. TOEFL/GRE/GMAT synaglarynyň bahalary (bar bolsa).

Dykgat ediň:

  • Tabşyrylýan resminamalryň ählisi iňlis dilinde tabşyrylmaly, ýa-da ýanyna iňlis diline edilen resmi terjimelerini çatmaly.
  • Ähli beyannamalar asyl görnüşde bolmalydyr we   emeli aň ( EA)  tarapyndan döredilen ýa-da plagiat edilen beýannamalar bäsleşikden mahrum ediler.
  • ABŞ-nyň raýatlary we hemişelik ýaşaýjylary (grin kart eýeleri) bu maksatnama gatnaşmaga hukugy yokdur
  • ABŞ-nyp Ilçihanasynyň işgärleriniň garyndaşlary bu maksatnama gatnaşmaga hukugy ýokur
  • Dalaşgärler, resminamalaryny tabşyrýan wagtynda, Türkmenistanda ýaşaýan bolmaly.

 Gatnaşyjylaryň saýlanylşy:

  1. 1-nji iýuna çenli: ähli gerekli dokumentleri bilen doldrylan resminamany tabşyrmaly;
  2. Iýun aýynda: ABŞ-nyň Ilçihanasy resminamalary barlaýar.  Bu tapgyrdan geçen dalaşgärlere habar berilýär we olar söhbetdeşlige çagyrylýarlar;
  3. Iýun aýynyň ikinji ýarym aýy: çagyrylan dalaşgärler bilen söhbetdeşlik geçirilýär;
  4. Sentýabr-oktýabr aralygy: ABŞ-nyň Ilçihanasy söhbetdeşlik tapgyryndan geçen dalaşgärleri TOEFL, GRE/GMAT synaglaryna registrasiýa etmäge çagyrar. Fulbraýt maksatnamasy synaglaryň tölegini özi geçirýär.
  5. Oktýabr: ähli tapgyrlardan geçen dalaşgärleriň sanawy Waşington şäherindäki Fulbraýt maksatnamasynyň komiteti tarapyndan gutarnykly netije üçin seredilýär.

Goşmaça maglumat:

TOEFL/GRE/GMAT synaglary barada goşmaça maglumatlary şu websahypalardan görüp bilersiňiz:

Ähli dalaşgärlere TOEFL/GRE/GMAT synaglaryna synag geçirilýän wagtyndan has öňtaýýarlyk görmegiňizi maslahat berýäris. Sebäbi bu synaglaryň bahalary uniwersitetler üçin wajyp ähmiýeti bar.

Bu maksatnama boýunça goşmaça soraglaryňyz bar bolsa, ABŞ-nyň Ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölümine AshgabatEducation@state.gov elektron salgysy arkaly ýüz tutup bilersiňiz.

Resminamalar 2026-njy ýylyň maý aýynyň 31-ne çenli görkezilen web sahypa arkaly  https://apply.iie.org/ffsp2027  kabul edilýär.

Has giňişleýin: https://tm.usembassy.gov/tuk/fulbright-foreign-student-program-masters-degree/