30
Apr

Fulbraýt maksatnamasy boýunça magistr derejesi, 2024-2025-nji okuw ýyly üçin

Fulbraýt maksatnamasy boýunça magistr derejesi, 2024-2025-nji okuw ýyly üçin
Döwlet ABŞ
Talyp haky Doly
Okuw dili Iňlis
Synag talaplary TOEFL/IELTS
Dereje Magistr
Deadline 2023-05-31

Fulbraýt adyndaky maksatnamasy Türkmenistanyň meşhur ýaş hünärmenlerine 2024-nji ýylyň awgustyndan başlap, ABŞ-nyň belli bir uniwersitetinde magistr derejesini almak mümkinçiligini berýär. Bu maksatnama bir ýa-da iki ýyl dowam eder. Lukmançylyk, weterinar ylymlary, şeýle hem näsaglar bilen ýüzbe-ýüz aragatnaşygy talap edýän hünärlerden başga ähli ugurlar boýunça resminamalar kabul edilýär. Resminamalar 2023-nji ýylyň 31-nji maýyna çenli kabul edilýär.

Dykgat: Ähli resminamalar online Arza profiliňize yüklenmelidir!

  1. Ýokary okuw jaýyny tamamlandygy barada diplom we şonuň ýany bilen berilýän transkript;
  2. СV ýa-da rezýume;
  3. Ýokary okuw jaýyny tamamlanyndan soň, azyndan 2 ýyl iş tejribesi bolmaly;
  4. Üç (3) sany hödürnamalar (resminama bilen bilelikde tabşyrylmaly);
  5. Iňlis dilini ýokary derejede bilmek;
  6. TOEFL/GRE/GMAT synaglarynyň bahalary (bar bolsa).

Dykgat ediň:

  • Tabşyrylýan dokumentleriniň ählisi iňlis dilinde tabşyrylmaly, ýa-da ýanyna iňlis diline edilen resmi terjimelerini çatmaly.
  • ABŞ-da ýaşaýan adamlar bu maksatnama gatnaşyp bilmeýärler;
  • Dalaşgärler resminamalaryny tabşyrýan wagtynda Türkmenistanda ýaşaýan bolmaly.

Gatnaşyjylaryň saýlanylşy:

  1. 31-nji maýa çenli: ähli gerekli dokumentleri bilen doldrylan resminamany tabşyrmaly;
  2. Iýun aýynyň birinji ýarym aýy: ABŞ-nyň Ilçihanasy resminamalary barlaýar. Bu tapgyrdan geçen dalaşgärlere elektron poçta arkaly habar berilýär we olar söhbetdeşlige çagyrylýar;
  3. Iýun aýynyň ikinji ýarym aýy: çagyrylan dalaşgärler bilen söhbetdeşlik geçirilýär;
  4. Sentýabr-oktýabr aralygy: ABŞ-nyň Ilçihanasy söhbetdeşlik tapgyryndan geçen dalaşgärleri TOEFL, GRE/GMAT synaglaryna registrasiýa edýär. Fulbraýt maksatnamasy synaglaryň tölegini özi geçirýär.
  5. Oktýabr: ähli tapgyrlardan geçen dalaşgärleriň sanawy Waşington şäherindäki Fulbraýt maksatnamasynyň komiteti tarapyndan gutarnykly netije üçin seredilýär.

 

Goşmaça maglumat:

TOEFL/GRE/GMAT synaglary barada goşmaça maglumatlary şu websahypalardan görüp bilersiňiz:

Ähli dalaşgärlere TOEFL/GRE/GMAT synaglaryna synag geçirilýän wagtyndan has öňden taýýarlyk görmegiňizi maslahat berýäris. Sebäbi bu synaglaryň bahalary uniwersitetler üçin wajyp ähmiýeti bardyr.

Bu maksatnama boýunça goşmaça soraglaryňyz bar bolsa, ABŞ-nyň Ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölümine AshgabatEducation@state.gov elektron salgysy arkaly ýüz tutup bilersiňiz.

Arza tabşyrmak:

Resminamalaryňyzy şu web sahypanyň üsti bilen tabşyryp bilersiňiz: https://apply.iie.org/ffsp2024/

Arzalary tabşyrmak üçin soňky gün: 31-nji maý, 2023-nji ýyl.

Doly maglumat: https://tm.usembassy.gov/tuk/education-culture-tk/exchange-programs-tk/fulbright-foreign-student-program-masters-degree-tk/