14
Jul

Germaniýada “Expatrio” talyp haty 2024

Germaniýada “Expatrio” talyp haty 2024
Döwlet Germaniýa
Deadline 2024-09-30

“Expatrio” maksatnamasy siziň Germaniýada okamak arzuwyňyzy amala aşyrmaga kömek edip biler. Täze ýurda göçmek elmydama kynçylyk bilen geçýär we daşary ýurtda okamak gymmat we stresli bolup biler.

“Expatrio” talyp haky maksatnamasy size maddy goldaw, şeýle hem wiza almak we Germaniýada täze durmuşa başlamak üçin kömek eder. Bu bäsdeşlik 10 baýrakdan ybarat bolup, size ýeňiş gazanmak mümkinçiligiňizi artdyrýar.

Artykmaçlyklary:

– Birinji ýer: 12,000 ýewro

– Ikinji ýer: 6,000 ýewro

– Üçünji ýer: 3,000 ýewro

– 4-10-njy orny eýelänlere 3 aýlyk kärende tölegi, täze noutbuk, nemes dili boýunça kurslar, semestr tölegleri üçin kömek puly.

Arza bermek prosesi:

– Soraga jogap beriň: Näme üçin Germaniýada okajak bilim ugruňyzy halaýarsyňyz?

– Okuwa islegiňizi görkezýän wideo iberiň. Wideonyň hiline ýa-da redaktirleme ukyplaryna garamazdan her kimiň deň mümkinçiligi bar.

– Saýlaw komiteti tabşyrylan wideolary seljerer we ýeňijileri saýlar.

Talyp hakyna arza: https://www.expatrio.com/expatrio-scholarship#form-updated

Arzany tabşyrmak üçin soňky gün: 30 sentýabr, 2024

Has giňişleyin: https://www.expatrio.com/expatrio-scholarship