23
Feb

Global Korea Scholarship (GKS) Koreýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy talyp haklary üçin arzalary kabul edýär, magistratura we doktorantura

Global Korea Scholarship (GKS)  Koreýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy talyp haklary üçin arzalary kabul edýär, magistratura we doktorantura
Döwlet Günorta Koreýa
Talyp haky Doly
Okuw dili Koreýçe
Dereje Magistr, Aspirantura
Deadline 2025-03-07

Koreýa Respublikasynyň Bilim ministrliginiň Halkara bilim milli instituty (NIIED) bilen 2025-nji ýyl üçin magistratura we doktorantura derejeleri üçin Milli talyp haky maksatnamasyna daşary ýurtly talyplary kabul edýär. Arza bermek isleýän talyplar görkezmeleri okamaly we arzalaryny ilçihanamyza tabşyrmaly. (Ilçihanada saýlaw geçirilýär)

Maksatnama boýunça derejeler: magistratura, doktorantura

– (magistratura) koreý dilini öwrenmek – 1 ýyl, okuw maksatnamasy – 2 ýyl

– (doktorantura) koreý dilini öwrenmek – 1 ýyl, okuw maksatnamasy – 3 ýyl

* Eger-de dalaşgäriň koreý dilini bilmek baradaky şahadatnamasynda (TOPIK) 5-nji derejeden ýokary bilimi bolsa, koreý dilini öwrenmek gerekli bolmaýar.

Okuw ugurlary

– GKS agza uniwersitetler tarapyndan kesgitlenen ähli akademiki ugurlar

– Agşam (agşamky mekdep) hödürlenýän akademiki programmalar, gysga möhletli programmalar, onlaýn we uzak aralyk okuw programmalary bu talyp haklary maksatnamasyna degişli däldir.

– Dalaşgärler diňe sanawda görkezilen uniwersitetlere we fakultetlere arzalaryny tabşyryp bilerler

” University Information” faýly, Koreýadaky okuw web sahypasyndaky GKS habarnamasynyň aşagyndadyr.

(www.studyinkorea.go.kr> > K-Scholarship > GKS Notice)

Arzany kim tabşyryp biler:

40 ýaşa çenli Türkmenistanyň raýatlary (1985-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan soň doglan)

– (Magistr derejesi) 2025-nji ýylyň 31-nji iýulyna çenli bakalawr derejesi ýa-da has ýokary derejesi bolan ýa-da bakalawr derejesini almagy meýilleşdirýän dalaşgärler.

– (Doktorlyk derejesi) 2025-nji ýylyň 31-nji iýulynda magistr derejesini ýa-da has ýokary derejesini alan ýa-da magistr derejesini almagy meýilleşdirýän dalaşgärler.

Dil bilimi

– 2025-nji ýylyň awgust aýyna çenli IRTS koreý dilini öwrenmek maksatnamasyny tamamlamaly dalaşgärler, eger-de TOPIK, TOPIK IBT 3-nji ýa-da ýokary derejeli şahadatnamasyny alan bolsalar, ýüz tutup bilerler.

Bellik: 87-nji – 100-nji TOPIK synaglarynyň netijeleri we 1-nji – 7-nji TOPIK IBT synaglarynyň netijeleri kabul edilýär. (Arzany tabşyrýan wagty heniz güýjünde bolan TOPIK şahadatnamasyny almadyk dalaşgärler hem ýüz tutup bilerler).

Resminamalary tabşyrmagyň tertibi:

-ilçihana şahsy ýüz tutmak

* Eger welaýatlar arasynda gatnamak mümkinçiligiňiz bolmasa, onda türkmenpoçta arkaly arzaňyzy tabşyryp bilersiňiz (bellik: elektron poçta arkaly arzalar kabul edilmeýär).

– Birinji tapgyrda saýlanyp alnan dalaşgärler we söhbetdeşligiň senesi barada 2025-nji ýylyň 14-nji martyndan soň şahsy habar berler.

Zerur materiallary aşakdaky baglanyşyklar arkaly tapyp bilersiňiz:

  1. Arza blanklary: https://overseas.mofa.go.kr/viewer/skin/doc.html?fn=20250210063049118.docx&rs=/viewer/result/202502
  2. Arza görkezmeleri (iňlis dilinde): https://overseas.mofa.go.kr/viewer/skin/doc.html?fn=20250210063109258.pdf&rs=/viewer/result/202502
  3. Arzany tabşyrmak barada görkezmeler (koreý dilinde)
  4. Uniwersitetler barada maglumat

Arza tabşyramk üçin soňky gün: 7-nji mart, 2025

Ilçihananyň habarlaşmak üçin maglumatlary: + 993-6585-7173 (Iş wagty: 09: 00 – 18: 00)

Dowamyny oka: https://overseas.mofa.go.kr/tm-ru/brd/m_9174/view.do?seq=761149&page=1