10
Nov

“Global uniwersitetler” birleşiginiň halkara olimpiadasy Russiýanyň döwlet talyp haky 2022-2023 (magistr we PhD)

“Global uniwersitetler” birleşiginiň halkara olimpiadasy Russiýanyň döwlet talyp haky 2022-2023 (magistr we PhD)
Döwlet Russiýa
Talyp haky Doly
Okuw dili Iňlis, Rus
Dereje Magistr, Aspirantura
Deadline 2022-12-10

“Global uniwersitetler” birleşigi, Russiýa Federasiýasynyň Bilim we ylym ministrligi bilen hyzmatdaşlykda, daşary ýurtly talyplar üçin “Open Doors Russian Scholarship” Russiýanyň tlyp hakyny hödürleýär. Talyp haky bakalawr we aspirantura üçin bäsdeşlik esasynda berilýär.

Bäsleşik, magistr we doktorlyk derejelerinde okamak isleýän dalaşgärler üçin niýetlenendir we ýeňijilere Russiýanyň islendik uniwersitetinde (Russiýanyň öňdebaryjy uniwersitetlerini hem goşmak bilen) mugt okuw we aýlyk stipendiýa bilen okamaga mümkinçilik berýär. Uniwersitetler gözleg we bilim üçin dünýä bazaryndaky ornuny berkitmäge çalyşýarlar. Bu uniwersitetlerde 21 sany Nobel baýragynyň eýesi we 360 000-den gowrak talyp bar.

Bu talyp hakynyň isleýändigiňize ýa-da gatnaşyp biljekdigiňize düşünmäge kömek etjek Russiýanyň döwlet talyp haky barada gysga wideo (“Open Doors” taslamasy).

Wideony ýüklemek üçin: https://disk.yandex.ru/i/jZ8qr140WEdTOA

Talyp hakyň beýany:

Okuw derejesi: magistr we PhD programmalarynda okamak üçin elýeterlidir.

Okuw ugurlary:

– Biologiýa we biotehnologiýa

– Informatika we maglumatlar ylymlary

– Matematika we emeli intellekt

– Iş we dolandyryş

– Syýasat we halkara gatnaşyklar

– Newrologiýa we psihologiýa

– Fizika ylymlary

– Lingwistika we häzirki zaman dilleri

– Himiýa we materiallar ylmy

– Ykdysadyýet we ekonometrika

– Inženerlik we tehnologiýa

– Kliniki lukmançylyk we jemgyýetçilik saglygy

– Ýer barada bilimler

– Bilim

Talyp hakyň baýraklary: ýeňijiler Russiýanyň islendik uniwersitetinde döwletiň hasabyna mugt okuw we aýlyk stipendiýa bilen okamaga mümkinçilik alarlar.

Giriş talaplary: ähli daşary ýurtly talyplar we daşary ýurtda hemişelik ýaşaýan ähli daşary ýurt raýatlary we watandaşlary bu maksatnama gatnaşyp bilerler. Gatnaşyjylaryň bakalawr derejesi (ýa-da bäş ýyllyk hünärmen derejesi) bolmaly ýa-da 2022-nji ýylda zerur okuw meýilnamasyny tamamlamaly.

Iňlis dili boýunça talaplar: gatnaşyjylar rus we iňlis dillerinde gatnaşyp bilerler.

Portfeliňizi bellenen möhletde taýýarlaň we onlaýn ýagdaýda tabşyryň. Ähli ylmy işleriň, şahadatnamalaryň, baýraklaryň we hormatly hatlaryň gymmaty bardyr. Üstünlik gazanmak mümkinçiligiňizi artdyrmak üçin, saýlan mowzugyňyzdaky ähli üstünlikleri portfeliňize goşuň. Ähli dersler we ugurlar üçin bukjanyň gurluşy birmeňzeş.

Has giňişleýin maglumat we käbir peýdaly ýüklemeler aşakdaky baglanyşykda (ssylkada) bardyr. Bu materiallar, bäsleşigiň ikinji tapgyrynyň tabşyryklarynyň we programmalarynyň demo wersiýalaryny, soňraky magistr programmalary üçin programmalaryň sanawyny, doktorlyk programmasy üçin materiallary öz içine alýar: https://od.globaluni.ru/en/#subjects

Arza beriş tertibi:

Dalaşgärler onlaýn hasaba alyş ulgamy arkaly arzalaryny bilerler. Hasaba alynmak üçin: https://od.globaluni.ru/en/register.php

Gatnaşmak düzgünleri: https://od.globaluni.ru/upload/iblock/003/0032073103ac70a73214c03198f86a35.pdf

Arzany tabşyrmak üçin soňky gün: 10-njy dekabr, 2022

Doly maglumat: https://od.globaluni.ru/en/