25
Jun

Germaniýada akademiki ugurlar boýunça okamak üçin DAAD 2024/2025 maksatnamasy

Germaniýada akademiki ugurlar boýunça okamak üçin DAAD 2024/2025 maksatnamasy
Döwlet Germaniýa
Talyp haky Doly
Okuw dili Iňlis, Nemes
Synag talaplary TOEFL/IELTS
Dereje Magistr
Deadline 2024-10-31

Bu talyp haky maksatnamasy Germaniýada magistratura derejesi boýunça akademiki okuwy dowam etdirmäge mümkinçilik berýär. Talyp haklary Germaniýanyň Federal Daşary işler bölümi tarapyndan maliýeleşdirilýär.

Ilkinji derejäňizi (meselem, bakalawr) gutaran bolsaňyz, maliýeleşdiriş möhletiniň başyndan gijä galman arzaňyzy tabşyryp bilersiňiz. Talyp hakynyň dowanlylygy 10 aýdan 24 aýa çenli niýetlenendir.

Talyp haklary, saýlanan ugur boýunça (iň köp 24 aýa çenli) okuwyň doly dowamlylygy boýunça berilýär.

Artykmaçlyklary:

  • Talyp hakynyň mukdary aýda 934 ýewro
  • Saglyk, betbagtçylyk we jogapkärçiligi ätiýaçlandyryşy berjaý edýär
  • Bir gezeklik okuw tölegi (DAC ýurtlarynyň biriniň raýaty bolsaňyz, 460 ýewro mukdarda pul alarsyňyz; beýleki ýurtlar üçin grant 260 ýewro)

Käbir şertlerde, maliýeleşdirilenden soň, aşakdaky goşmaça töleglere ýüz tutup bilersiňiz:

  • Aýlyk kärende tölegine goşmaça töleg
  • Maşgala agzalaryna ýoldaşlyk etmek üçin aýlyk kömek
  • Maýyplyk ýa-da dowamly kesel bolan ýagdaýynda: maýyplyk ýa-da dowamly kesel bilen baglanyşykly goşmaça çykdajylara kömek.
  • Ekologiki herekete goşmaça töleg (ekologiki syýahat üçin goldaw) ýa-da howa gatnawy üçin uglerodyň öwezini dolmak üçin bölekleýin öwezini dolmak

Bellik: DAAD okuw tölegini tölemeýär.

Kabul ederlik:

  • Okuw üstünlikleri
  • Mümkin bolsa orta mekdep diplomy
  • Okuw maksatnamasy
  • Okuw dilini bilmek
  • Bar bolsa – degişli tejribe, iş tejribesi

Talaplar:

Aşakdaky ölçegleri barlaň:

  • Düzgün bolşy ýaly, uniwersitet derejäňiz resminama tabşyrmagyň möhleti bilen 6 ýyldan ýokary bolmaly däldir. Okamagyňyzy haýyş edýäris: https://www.daad.de/en/study-and-research-in-germany/scholarships/important-information-for-scholarship-applicants/
  • Saýlanan okuw maksatnamaňyz üçin arzaňyzy nemes uniwersitetine tabşyrmagyň jogapkärligi sizde boldugyny ýadyňyzdan çykarmaň. Şonuň üçin kabul edýän uniwersitetiňize giriş talaplary, arza we giriş möhletleri, şeýle hem Germaniýa girmegiň düzgünleri barada öňünden bilmek möhümdir. Arzany tabşyrmak üçin okuwa kabul ediň hatyňyz ýok bolsa, maliýeleşdiriş möhleti başlamazdan ozal onu bermeli.

DAAD-dan alnan talyp haky haty, diňe arzaňyzda görkezilen kabul ediji uniwersitetde okamaga kabul edilen bolsaňyz güýje girer.

  • Okuw maksatnamasy birnäçe aý dowam edýän Germaniýanyň daşyndaky okuw ýa-da tejribe döwrüni öz içine alýan bolsa, daşary ýurtdaky bu döwür adatça diňe şu şertler ýerine ýetirilen halatynda maliýeleşdirilýär:
  • Okuw sapary, talyp hakynyň maksadyna ýetmek üçin zerurdyr,
  • Syýahat öz ýurduňyzda bolup geçmeýär we talyp hakynyň döwrüniň dörtden birinden köp dowam etmeýär. Mundan uzak döwürleri bölekleýin bolsa-da maliýeleşdirip bolmaz.
  • Arza tabşyranyňyzda Germaniýada 15 aýdan gowrak ýaşaýan bolsaňyz, arzaňyz kabul edilmez.

Dil endikleri

Germaniýada okuw maksatnamalary üçin okuw dili nemes dilidir. Halkara maksatnamalarynda okuw dili iňlis ýa-da nemes we iňlis dilleridir.

DAAD talyp haky üçin arzany tabşyranyňyzda, saýlan okuw maksatnamaňyzyň okuw dilini (nemes, iňlis ýa-da nemes we iňlis) bilýändigiňizi barada subutnamasyny bermeli.

Application procedure” bölüminiň “Application documents”  aşagynda gelip çykan ýurduňyz üçin belli bir şahadatnamanyň zerurdygyny ýa-da ýokdugyny anyklaň.

Gerekli resminamalar:

  • Onlaýn arza: https://mydaad.b2clogin.com/mydaad.onmicrosoft.com/B2C_1A_signup_signin_SAPIAS_saml/samlp/sso/login
  • Tablisa görnüşinde doly rezýume (iň köp 3 sahypa)
  • Germaniýada meýilleşdirilen okuw taslamasynyň akademiki we şahsy sebäpleriniň beýany (höweslendiriş haty; 1 – 3 sahypa)
  • Germaniýada ýerleşýän uniwersitetde okuwa kabul ediş haty. Arza beren wagtyňyzda eýýäm kabul ediş habarnamasy ýok bolsa, maliýeleşdiriş möhleti başlamazdan ozal bermeli
  • Eger-de Germaniýada ikinji dereje ýa-da magistr derejesini dowam etdirmek isleýän bolsaňyz, ‘Information about your preferred master programmes’ arzany tabşyrmaly. Dogry doldurylan formany DAAD portalynyň ‘course profile’ ýükläň
  • Eger daşary ýurtda ikinji ýa-da magistr derejesiniň çäginde Germaniýada wagt geçirmek isleseňiz, Germaniýada gazanan kreditleriňiziň öz uniwersitetiňiz tarapyndan ykrar ediljekdigini subut etmeli.
  • Aýry-aýry bahalar bilen häzirki baha ýazgysy / baha tabeli (DAAD portalyndaky ‘university degree certificates’ bölüminden ýükläň)
  • Jemleýji bahalar bilen uniwersitet diplomy: diplom, resminamalary tabşyrýan wagtyňyz programmany gutarmadyk bolsaňyz, maliýeleşdirilmezden ozal tabşyrylmalydyr. Diplomyňyzy DAAD portalyndaky ‘university degree certificates’ bölümine ýükläň
  • Saýlanan okuw ugrunuň dilini bilýändigi barada subutnama (2 ýyldan köp bolmaly däl)
  • Uniwersitetiň mugallymyndan siziň kärleriňiz barada maglumatlardan ybarat bolýan hödürleýiş haty. ‘Submitting an application’goýmasyndaky görkezmelere eýeriň
  • Arzaňyza degişli bolup biljek beýleki resminamalar (mysal üçin iş şahadatnamalary, okuwdan daşary çäreleriň subutnamasy)
  • Bahalandyryş ulgamynyň düşündirişi “University degree certificates” bölüminde portala ýüklenmeli)
  • Milli dilde tabşyrylan resminamalaryň nemes ýa-da iňlis diline terjimeleri (degişli resminamalar bilen birlikde ýüklenmeli)
  • Ähli aýratyn bahalary görkezýän orta okuwy gutardygy barada şahadatnama “University entrance qualification” bölüminde portala ýüklenmeli)

Bellik: Milli dilde resminama iberýän bolsaňyz, nemes ýa-da iňlis diline terjimeleri goşmagyňyzy haýyş edýäris.

Resminamalary tabşyrmagyň soňky güni: 31.10.2024

Arza tabşyryş ýeri

Germaniýanyň Federal Respublikasynyň ilçihanasy

Medeniýet bölümi

Ak Altyn myhmanhanasy, Aşgabat

744000 Aşgabat

DAAD Info-Center infocenter@daad.de

Has giňişleýin: https://www2.daad.de/deutschland/stipendium/datenbank/en/21148-scholarship-database/?status=3&origin=78&subjectGrps=&daad=&intention=&q=&page=1&detail=50026200