Hindistanyň Aşgabatdaky Ilçihanasy 2025-nji ýyl üçin Hindistan Medeni Gatnaşyklar Geňeşiniň (ICCR) talyp haklary boýunça bakalawr, magistratura we doktorantura derejeleri üçin arzalary kabul edýär

Hindistanyň Aşgabatdaky Ilçihanasy Hindistan Medeni Gatnaşyklar Geňeşiniň (ICCR) 2025-26 okuw ýylynda Hindistanyň dürli uniwersitetlerinde/institutlarynda Türkmenistanyň raýatlary üçin bakalawr, magistratura we doktorantura derejesinde dürli ugurlary, şeýle hem tans, saz, teatr, sahna sungatyny, heýkeltaraşlygy, hindi dillerini, nahar bişirmek we ş.m. ýaly hindi medeniýetini öwrenmek üçin talyp haklaryny yglan edendigini habar bermekden hoşal.
ICCR 2025-26 okuw ýyly üçin talyp haklary üçin uniwersitetleriň/institurlaryň sanawyny tertibe salyp, häzirki wagtda ICCR bilen 131 uniwersitet/institut hyzmatdaşlyk edýär. Uniwersitetleriň/institurlaryň sanawy arza tabşyryş portalynda açylanyndan soň görkeziler.
Dalaşgärler öz isleglerine görä 5 uniwersitete/instituta arzalaryny tabşyryp bilerler.
Arzalar A2A ICCR Talyp haky onlaýn portaly arkaly kabul ediler https://a2ascholarships.iccr.gov.in
Gerekli resminamalar:
– Arzada görkezilen ýere 3.5×4.5sm-den uly bolmadyk (25kb) täze pasport ölçegindäki surat ýüklenmelidir. Suratyňyz ak fonda bolmalydyr we äýneksiz düşürilen bolmaly.
– Ýaş tassyknamasy (Dogluş şahadatnamasy/Hökümet tarapyndan berlen anyk doglan senesini görkezýän Şahsyýeti tassyklaýan islendik resminama)
– Ähli akademiki derejeler, şahadatnamalar we baha tabelini, şol sanda mekdebi tamamlamak synaglary bilen bagly resminamalaryň nusgalary ýüklenmeli.
– Häzirki mekdepden/uniwersitetden we ş.m. maslahatlar/häsiýetnama
– Dalaşgäriň dogry pasportynyň suratly degişli sahypalarynyň tassyklanan nusgalary
– Zerur resminamalary ýükläniňizde, ähli resminamalaryň berlen modula dogry ýüklenýändigine göz ýetiriň, meselem, bilim şahadatnamalary üçin modul diňe bilim şahadatnamalary bilen ýüklenmeli, pasport nusgalary ýa-da suratlar ýaly beýleki resminamalar bilen däl.
– Kabul edilen ýagdaýynda, asyl şahadatnamalar/resminamalar degişli uniwersitet/institut tarapyndan goşulan wagtynda barlanmak üçin dalaşgär tarapyndan getirilmelidir.
– Inženerçilik ugurlary üçin, mekdebi tamamlaýyş synaglaryňyzda Fizika, Himiýa we Matematika bolmalydyr, sebäbi bu inženerçilik ugurlary üçin hökmandyr.
– Saýlan uguryňyz üçin zerur bolan ýörite derejäni görkezýän resminamalaryň tassyklanan nusgalary (meselem, MBA-a kabul edilmek üçin GMAT ballar, Iňlis dili kurslary üçin TOEFL/IELTS ballar we ş.m.)
Bellik: Asyl resminamalar iňlis dilinde bolmasa, we bu resminamalar iňlis diline terjime edilmese, bu arzalar barlagdan geçmez.
Şeýle hem, goldaýjy resminamany Instagram-da tapyp bilersiňiz:
https://www.instagram.com/p/DGQEhNRNkRU/?img_index=4
Arzany tabşyrmak üçin soňky gün: 30-njy aprel, 2025-nji ýyl
Has giňişleýin: https://a2ascholarships.iccr.gov.in/