Hytaýda 2025–26 ýyl üçin doly maliýeleşdirilýän Schwarzman Scholars magistr maksatnamasy

Schwarzman Scholars maksatnamasy — Hytaýda doly maliýeleşdirilýän magistr derejesi boýunça okuwy üpjün edýän talyp haky maksatnamasydyr. Bu maksatnama dünýäniň ähli ýurtlaryndan gelen talyplar üçin açykdyr. Bu mümkinçilik size täsirli lider bolmaga we öz geljegiňizi gurmaga ýol açar. Schwarzman Scholars dünýäniň dürli künjeklerinden ýaş liderlere mümkinçilik berýär.
Bu maksatnama bir ýyllyk magistr derejesidir. Halkara talyplar üçin niýetlenen talyp haky ähli çykdajylary öz içine alýar: ýol çykdajylary, okuw çykdajylary, aýlyk stipendiýa, okuw ýollary üçin çykdajylar, şahsy noutbuk, hem-de saglyk ätiýaçlandyrmasy. Bu doly maliýeleşdirilýän maksatnama arkaly siz ösen, innowasion okuw gurşawynda tejribe gazanyp bilersiňiz.
Schwarzman Scholars maksatnamasyna gatnaşmak üçin talaplar:
- Bakalawr derejesi ýa-da deň derejede diplom bolmaly.
- Ýokary akademiki görkezijiler.
- 2026-njy ýylyň 1-nji awgustyna çenli 18 ýaşdan kiçi bolmadyk we 29 ýaşdan uly bolmaly däldir (2026–2027 okuw ýyly üçin).
- Islendik hünär ugrundan dalaşgärler arzalaryny tabşyryp bilerler.
- İnglis dilini ýokary derejede bilmeli, sebäbi okuwyň ähli sapaklary iňlis dilinde alnyp barylýar.
Maksatnamanyň hödürleýän peýdalary:
- Eger dalaşgär söhbetdeşlige saýlansa, maksatnama ýol çykdajylaryny (ekonomi klas bilet ýa-da otly biletleri), iýmiti we zerur bolsa, bir gije myhmanhanada galmak çykdajylaryny töleýär.
- Ähli talyp haky eýelerine ýol çykdajylary doly üpjün edilýär.
- Okuw tölegi doly tölenýär.
- Okuw döwründe stipendiýa berilýär.
- Okuw ýoly üçin çykdajylar tölenýär.
- Kitaplar we şahsy noutbuk üçin çykdajylar tölenýär.
- Saglyk ätiýaçlandyrmasy bilen üpjün edilýär.
Schwarzman Scholars maksatnamasyna tabşyrmaly resminamalar:
- 2 sany beýýannama (liderlik maksady barada we niýet haty — SOP).
- 3 sany hödürleýiş haty.
- 1-nji awgusta çenli 18 ýaşdan uly we 29 ýaşdan kiçi bolmaly.
- 2025-nji ýylyň 1-nji awgustyna çenli bakalawr derejesini tamamlan bolmaly.
- Online görnüşde arza tabşyryş.
- Rezyumesi (CV).
- Akademiki ýetişgenlik barada baha tabeli.
- Wideo tanyşdyryş.
- İnglis dili synagy netijesi (IELTS ýa-da TOEFL) — eger dalaşgäriň ene dili iňlis dili bolmasa.
Bellik: Eger siz iňlis dilinde bakalawr ýa-da magistratura derejesinde azyndan 2 ýyl okan bolsaňyz, iňlis dili synagy netijesi talap edilmeýär.
Arza bermek prosesi:
- Arzany tabşyrmak üçun baglanyşygyna basyň: https://connect.schwarzmanscholars.org/apply
- Eger ilkinji gezek ýüz tutýan bolsaňyz, täze hasap dörediň.
- Online anketa ähli zerur soraglara jogap berip dolduryň.
- Anketa iňlis dilinde doldurylmaly.
- Arzany we resminamalary tabşyranyňyzdan soň, tassyklama e-poçta arkaly iberiler.
Arzalany tabşyrmak üçin soňky gün:
10-njy sentýabr 2025, gündogar wagty bilen sagat 15:00 (EDT).
Has giňişleýin maglumat üçin: https://www.schwarzmanscholars.org/admissions/