14
Jun

Hytaýda doly maliýeleşdirilýän Şwarsman talyp haky maksatnamasy

Hytaýda doly maliýeleşdirilýän Şwarsman talyp haky maksatnamasy
Döwlet Hytaý
Talyp haky Doly
Okuw dili Iňlis
Synag talaplary TOEFL/IELTS
Dereje Magistr
Deadline 2023-09-19

Şwarsman talyp haky maksatnamasy Hytaýda magistr derejesiniň doly maliýeleşdirilýän talyp hakydyr. Bu Talyp haky dünýädäki ähli milli we daşary ýurtly talyplar üçin açykdyr. Talyp haky maksatnamasy arkaly talyplar täsirli lider bolmaga mümkinçilik alarlar.

Bu talyp haky Hytaý bilen beýleki ýurtlaryň arasynda has çuňňur we has güýçli özara düşünüşmelere ýetmek üçin döredildi. Bu maksatnama, dürli medeniýetlerden, gymmatlyklardan we jynslardan gelýän talyplary Hytaýda öz medeniýetiniň wagyz edilmegine we tanyşdyrylmagyna we öz ýurdy bilen Hytaýyň arasynda gowy gatnaşyk gurmaga goşant goşar. Her ýyl Şwarszman magistr derejesiniň taly haky maksatnamasyna gatnaşmak üçin dünýäniň dürli künjeklerinden 200-e golaý dalaşgär saýlanýar.

Şwarsman talyp haky bir ýyllyk magistr derejesini almak üçin maksatnamadyr. Talyp haky ýol çykdajylaryny, kurs tölegini, okuw saparlaryny, doly okuw tölegini, aýlyk stipendiýany, şahsy noutbuk ätiýaçlandyryşyny we saglyk ätiýaçlandyryşyny ödeýär. Bu talyp haky arkaly talyplar gyzykly we innowasion okuw gurşawyny başdan geçirmäge mümkinçilik alarlar.

Kabul ederlik:

– Bakalawr derejesi ýa-da şoňa meňzeş dereje.

– Ýokary akademiki ýetişgenlik.

– 18 ýaşdan 29 ýaş aralygy bolmaly (dalaşgär, okuwa giriş ýylynyň awgustyň 1-ne çenli 29 ýaşdan ýokary bolmaly däldir).

– Intellektual ukybyna, ýolbaşçylyk häsiýetlerine, dogruçyllyga, akademiki ukybyna we göreldeli häsiýetine eýe bolmaly.

– Ähli ugurlardan dalaşgärler arzalaryny tabşyryp bilerler.

– Ähli milli we halkara dalaşgärler bu maksatnama gatnaşyp bilerler.

– Iňlis dilini gowy bilmeli.

Artykmaçlyklary:

– Söhbetdeşlik üçin dalaşgär saýlanan bolsa, maksatnama ekonom klas uçuş bileti ýa-da otly biletleri, iýmit we zerur bolsa bir gijelik myhmanhana çykdajylary ýaly syýahat çykdajylaryny ödär.

– Saýlanan dalaşgärleriň hemmesiniň ýol çykdajylaryny ödärler.

– Maksatnamanyň dowamynda okuw mugt.

– Aýlyk stipendiýa.

– Okuw saparlary üçin pul kömegi.

– Okuw kitaplary we noutbuk üçin pul kömegi.

– Lukmançylyk ätiýaçlandyryşy.

Gerekli resminamalar:

– 2 sany düzme (liderlik barada we SOP barada bir düzme)

– 3 sany hödürleýiş haty

– Ýaş aralygy – 18-29 (dalaşgär, okuwa giriş ýylynyň awgustyň 1-ne çenli 29 ýaşdan ýokary bolmaly däldir)

– bakalawr derejesini 2024-nji ýylyň 1-nji awgustyna çenli tamamlan bolmaly.

– Onlaýn arza

– Rezýume

– Akademiki bahalar barada maglumat

– Özüňiz barada bir wideo

– Iňlis dili bilimiňizi tassyklaýan şahadatnama (dalaşgäriň ene dili iňlis dili bolmasa IELTS ýa-da TOEFL).

Bellik: Iňlis dilinde bakalawr ýa-da magistraturada azyndan iki ýyl okan bolsaňyz, iňlis dili boýunça synag netijesi gerek däl.

Arza bermek prosesi:

– “Apply Now” düwmesine basyň: https://connect.schwarzmanscholars.org/account/register?r=https%3a%2f%2fconnect.schwarzmanscholars.org%2fapply%2f .

– Ilkinji gezek ýüz tutýan bolsaňyz, täze hasaby dörediň.

– Dalaşgärler ähli zerur soraglara jogap bermek bilen arzany onlaýn doldurmaly.

– Arzany iňlis dilinde doldurmaly.

– Arza we zerur resminamalary tabşyrandan soň, arza beriji tassyklama e-mail hatyny alar.

– Başga bir gowy tarapy, arzany tabşyrmazdan ozal birnäçe gezek saklap we dowam etdirip bilersiňiz.

Arzany tabşyrmak üçin soňky gün: 19-njy sentýabr, 2023, 11:59 Gündogar gündiz wagty (EDT).

Has giňişleýin: https://www.schwarzmanscholars.org/