28
Feb

IFA Fashion School of Design & Marketing akademiýasy tarapyndan moda we stil ugrunda grant 2023

IFA Fashion School of Design & Marketing akademiýasy tarapyndan moda we stil ugrunda grant 2023
Döwlet Fransiýa
Okuw dili Iňlis
Synag talaplary TOEFL/IELTS
Ugur Moda
Dereje Bakalawr, Magistr
Deadline 2023-03-15

International Fashion Academy (IFA) bakalawr we magistr derejeleri üçin 3 görnüşli grant hödürleýär. Talyp hakynyň maksady görnükli talyplary sylaglamak.

IFA Paris, Parižda, Şanhaýda we Stambulda ýa-da onlaýn okaýan 1300-den gowrak talyba häzirki zaman tehnologiýasy bilen birleşdirilen fransuz modasynyň we lýuks mirasyny bermek bilen meşhurdyr.

Bakalawr, magistratura we gysga kurslary boýunça okaýan, 50-den gowrak milletden gelen talyplar, döredijiligini we bilesigelijiligini ösdürýän medeniýetara alyş-çalyşlary bilen baý bolan, köp medeniýetli gurşawda, geljekki nesliň zehinini ösdürýärler. Bir moda mekdebi bolup, IFA Paris, dizaýnerleriniň we marketologlarynyň täze nesillerini iň oňat durnukly we sosial taýdan jogapkärçilikli tejribeleri we ülňüleri durmuşa geçirmek üçin taýýarlamagyň jogapkärçiligini bilýär.

Saýlaw komissiýasy, doly talyp hakyny hödürlemek üçin iň oňat dalaşgärleri saýlar we söhbetdeşlik geçirer (Skype arkaly ýa-da akademiýanyň şäherçesinde).

ŞERTLER

– ýokarda görkezilen talyp haklardan diňe birine arzaňyzy tabşyryp bilersiňiz. Haýsy talyp hakyna arzaňyzy tabşyrýandygyňyzy görkezmeli bolarsyňyz.

– Talyp haky bakalawr ýa-da magistr derejesiniň ähli ugurlary üçin elýeterlidir.

– Eger isleýän talyp hakyňyzy gazanyp bileseňiz, başga talyp hakyna arzaňyzy tabşyryp bilmersiňiz. Muňa garamazdan IFA Paris akademiýasyna girmek isleseňiz, adaty tölegli giriş prosesinden geçmeli bolarsyňyz. Maslahat: talyp akynyň görnüşini akyla laýyk saýlaň!

– Talap edilýän ähli resminamalary arzany tabşyrynyňyzda ýüklemeli, ýogsam, okuwa kabul edileniňizden soň talyp hakyny alyp bilmersiňiz.

Kabul ederlik:

Bu ugurda saýlanan maksatnama we wezipe üçin ýokary höwes

Dizaýn ugurlary üçin döredijilik ýa-da dolandyryş programmalary üçin işewürlik ukyplary

Ajaýyp akademiki ýetişgenlik, okuwdan daşary çäreler we / ýa-da hünär tejribesi.

Doly 100% talyp haky: ortaça baha azyndan 3,8

“Excellence” talyp haky: ortaça baha azyndan 3,5

“Distinction” talyp haky: ortaça baha azyndan 3,0

– Bakalawr derejesiniň dalaşgärleriniň hemmesi orta mekdebi tamamlan bolmaly.

– Ýaşy azyndan 16 ýaş bolamly. (16 ýaşa çenli arzaňyzy tabşyryp bilersiňiz, ýöne IFA Paris akademiýasyna okuwa başlanyňyzda 16 ýaşyňyzda bolmaly).

– Iňlis dili ene diliňiz bolmasa, IELTS netijesi azyndan 5.5 ýa-da has ýokary bolmaly, ýa-da TOEFL synagyndan azyndan 65 ýa-da has ýokary bolmaly. Bu şahadatnamaňyz bolmasa, iňlis dilini okandygyňyz barada şahadatnama ýa-da mundan ozal alan bilimiňiziň iňlis dilinde alandygyňyzyň subutnamasyny bermeli.

COVID-19 we Lockdown: Häzirki ýagdaýda dil şahadatnamasyny almak kyn bolup biler. IELTS, iňlis diliňizi bilmek derejäňizi bahalandyrmak üçin IELTS Indicator onlaýn ulgamyny işe girizdi. Bu şahadatnama kabul edilýär, bu şahadatnamany almak barada has giňişleýin maglumaty şu sahypadan tapyp bilersiňiz.

– Moda dizaýnynda ýa-da moda biznesinde / marketinginde güýçli höwes.

Onlaýn arzany dolduryň we ýükläň: orta mekdep şahadatnamasynyň baha görkezijileri, orta mekdep şahadatnamasynyň nusgasy ýa-da şoňa meňzeş, höweslendiriş haty, rezýume / CV, pasport suraty we pasportyň göçürmesi. Ähli resminamalar iňlis dilinde bolmaly ýa-da hünärmen terjimeçi tarapyndan iňlis diline terjime edilmeli.

“Fashion Design & Technology” ýa-da “Fashion Sustainability with Design Major” boýunça bakalawr derejesine arzaňyzy tabşyranyňyzda, indikilerden ybarat bolýan portfolioňyzy tabşyrmaly: Mood board (siziň garaýşyňyzy görkezýän suratlary ýygnaň we kollaž dörediň), siziň mood board-yňyz bilen bagly bolan illustrasiýalar we eskizler, eskizleriňize gabat gelýän matalar, stiliňizi görkezýän suratlar, haýsy müşderi üçin dizaýn edýändigiňizi we şahsyýetlerini görkezýän käbir gözlegler.

Arzany tabşyrmak üçin töleg – 150 ýewro.

Söhbetdeşlik (uniwersitet şäherçesinde ýa-da Skype arkaly).

Gerekli resminamalar:

Esasy resminamalar bilen bile goşmaça resminamalar bermeli:

Höweslendiriş haty (esasy arzada höweslendiriş hatynyň ýerini alýar).

– Näme üçin talyp hakyna arzaňyzy tabşyrýaňyz?

– Näme üçin IFA Paris akademiýasy size talyp hakyny bermeli?

– Näme üçin bu maksatnamany saýlamak kararyna geldiňiz?

– Saýlanan ugruňyz, maksatlaryňyza ýetmäge nähili kömek eder?

Talyp haky arzasy (şu ýerden ýükläp alyň)

Fashion Design & Technology, бакалавра Fashion Sustainability (Design Major) we Master of Arts in Contemporary Fashion Design boýunça bakalawr derejesiniň “Fashion Design (creative)” maksatnamasy üçin, talyp hakynyň dalaşgärleri portfoliony tabşyrmaly. (bu okuwa girmegiň esasy talaplarynda hem beýan edilýär).

Diňe MBA derejesi üçin dalaşgärler 3 sany hödürleýiş hatyny tabşyrmaly.

 

Arzany nädip tabşyrmaly:

1-nji ädim: hasaby açyň we parol dörediň: https://app.ifaparis.com/user/register

2-nji ädim: Onlaýn arzany dolduryň

3-nji ädim: Arza tölegini töläň

4-nji ädim: Gerekli resminamalary ýükläň

5-nji ädim: Arzany tabşyryň

Arzany tabşyrmak üçin soňky gün: 15-nji mart, 2023

Has giňişleýin: https://www.ifaparis.com/admissions/scholarships