27
Jun

Kopengagen uniwersiteti Magistr derejesi üçin Daniýanyň hökümet talyp haky – 2024-2025-nji okuw ýyly

Kopengagen uniwersiteti Magistr derejesi üçin Daniýanyň hökümet talyp haky – 2024-2025-nji okuw ýyly
Deadline 2024-09-01

Kopengagen uniwersiteti (UCPH), Daniýanyň hökümet talyp haky maksatnamasy arkaly çäkli mukdarda tölwgsiz okuw we grantlary hödürleýär. Talyp haklary bäsdeşlik ukyply we EUB-ne girmeýän ýurtlardan ýokary akademiki ýetişgenligi bolan zehinli talyplara hödürlenýär. EUB / EEA döwletleriniň raýatlary bolmadyk dalaşgärleriň hemmesi talyp haky üçin awtomatiki usulda serediler.

Daniýanyň hökümet talyp haky okuw töleginden doly ýa-da bölekleýin ýa-da esasy ýaşaýyş çykdajylaryny ýapýan mukdar hökmünde berilýär.

Okuw ugurlary:

  • Jemgyýetçilik ylymlary fakulteti
  • Ynsanperwer fakulteti
  • Saglyk we lukmançylyk ylymlary fakulteti
  • Ylym fakulteti
  • Ylahyýet fakulteti

Kabul ederlik:

Talyp hakyny almak üçin aşakdakylar bolmaly:

  • EUB, EEA (Ýewropa ykdysady sebiti) ýa-da Şweýsariýanyň daşyndaky bir ýurduň raýaty
  • Kopengagen uniwersitetinde magistr derejesini almak üçin kabul edilmeli
  • Daniýada ýokary bilim programmasyny öwrenmek maksady bilen wagtlaýyn ýaşamak üçin rugsatnama almaly

Kopengagen uniwersitetinde magistr programmalaryna ýüz tutýan EUB / EEA däl dalaşgärleriň hemmesi, talaplara laýyk gelse, Daniýanyň hökümet talyp haky üçin awtomatiki usulda serediler. Şonuň üçin arzany tabşyrmagyň zerurlygy ýok.

Arza bermegiň soňky möhleti:

Okuw fewral aýynda başlaýar: arzany tabşyrmagyň möhleti 1-nji sentýabr ýa-da has ir (EUB / EEA we Şweýsariýanyň daşyndaky ýurtlardan arzany tabşyranlar üçin): 1-nji dekabrdan gijä galman jogap alarsyňyz.

Onlaýn arza:

https://dans.stads.dk/SelfUserRegistration/faces/WelcomePage.jspx;jsessionid=CzI6LWfFSaZo3DH9Juj7whPmhTH3TudkCmM253iZ_N2yZJHQzBb9!-793031751

Onlaýn arza üçin ulanyjy gollanmasy: https://studies.ku.dk/masters/application-and-admission/userguide-for-online-application/

Has giňişleýin: https://studies.ku.dk/masters/tuition-fees–scholarships/scholarships–loans-at-ucph/danish-government-scholarships/