Magistr derejesiniň ähli akademiki ugurlary üçin DAAD talyp haky – 2024/2025
Bu talyp haky maksatnamasy, akademiki bilimiňizi dowam etdirmek üçin Germaniýada magistr derejesine almaga mümkinçilik berýär. Talyp haklary Germaniýanyň Federal Daşary işler ministrligi tarapyndan maliýeleşdirilýär.
Maliýeleşdirme wagtyna çenli birinji derejäňizi (mysal üçin, bakalawr ýa-da hünärmen) alan bolsaňyz, talyp hakyna arzaňyzy tabşyryp bilersiňiz. Talyp haky 10 aýdan 24 aý okuw döwri üçin niýetlenendir.
Talyp haky üçin saýlanan programmanyň (24 aýdan köp bolmaly däl) adaty okuw möhleti boýunça berilýär.
Talyp hakynyň mukdary:
– 934 ýewro mukdarynda aýlyk stipendiýa.
– Saglyk ätiýaçlandyryşy, betbagtçylykly hadysalaryndan meýletin ätiýaçlandyryşy we jogapkärçiligi ätiýaçlandyryşyny ödelýär.
– Bir gezeklik okuw tölegi (eger siz DAC ýurtlardan gelen bolsaňyz, 460 ýewro mukdarynda bir gezeklik kömek puly alarsyňyz; beýleki ýurtlar üçin 260 ýewro berilýär).
Käbir ýagdaýlarda, maliýeleşdirilenden soň aşakdaky goşmaça pul kömegine eýe bolup bilersiňiz:
– Aýlyk ýaşaýyş jaýy üçin pul kömegi.
– Ýoldaşlyk edýän maşgala agzalaryna aýlyk kömek.
– Maýyplyk ýa-da dowamly kesel bolan ýagdaýynda: maýyplygyň ýa-da dowamly keseliň netijesi bolan we beýleki maliýeleşdirijiler tarapyndan tölenmeýän goşmaça çykdajylara subsidiýa.
– “Green Mobility Top Up” (howanyň amatly syýahatyny goldamak) ýa-da howa gatnawynyň dowamynda uglerod zyňyndylaryň bölekleýin öwezini dolmak.
Germaniýada ýaşamak üçin taýýarlyk görmäge dil endikleriňizi ösdürmäge kömek etmek üçin DAAD aşakdaky artykmaçlyklary hödürleýär:
– Talyp hakynyň gowşurylyş hatyny alanyňyzdan soň onlaýn dil kurslarynyň tölegi berilýär;
– eger-de zerur bolsa, Germaniýada okuw başlamazdan ozal nemes dili kursyny geçmek (2, 4 ýa-da 6 aý öňünden); DAAD nemes dilini bilmek derejesine we taslama baglylykda okuwy maliýeleşdirjegi ýa-da näçe wagtlap maliýeleşdirjegi barada karar berer. Okuw meýilnamasy nemes dilinde bolsa, dil kurslaryna gatnaşmak hökmanydyr.
– Talyp haky döwründe özüňiziň saýlan nemes dili kursy üçin töleg berilýär.
– TestDaF ýa-da DSH synagynyň hem tölegini ödeýärler. Bu synaglary talyp hakyny gazanandygyňyz barada hatyny alanyňyzdan soň ýa-da maliýeleşdiriş döwründe Germaniýada tabşyryp bilersiňiz.
Bellik: DAAD okuw tölegini ödemeýär.
Kabul ederlik:
Akademiki kwalifikasiýa
– Akademiki üstünlikleri
– Ýokary okuw jaýyny gutarandygy barada diplom/şahadatnama (bar bolsa)
– Okuw ugry
– Okuw dilini bilmek
– Tejribe, iş tejribesi (bar bolsa)
Bilim taslamasynyň hili
– Bilim taslamasynyň hili we oňa taýýarlyk (deslapky maglumatlar, kabul edýän uniwersitetinde okuw maksatnamasynyň saýlawy, we aragatnaşyk gurmak)
– Taslamanyň akademiki karýerasynyň basgançagyna goşulmagy
Dalaşgärleriň potensialy
– Motiwasiýa: Germaniýada galmak üçin akademiki we şahsy sebäpleri, nemes dilini bilmek (eger okuw dilinden tapawutly bolsa).
– Perspektiwalar: Geljekde akademiki, hünär we şahsy ösüş üçin Germaniýada galmagyň ähmiýeti.
– Okuwdan daşary çäreler: okuwdan daşary bilimler we başarnyklar, jemgyýetçilik işjeňligi.
Talaplar:
Aşakdaky kriteriýalara laýyklygy barlaň:
– Düzgün boýunça, arzanyň tabşyryş möhletiniň gutaran wagtynda ýokary bilim diplomynyň möhleti 6 ýyl geçmeli däldir. Şu web sahypany dykkatly okamagyňyzy maslahat berýäris: https://www.daad.de/en/study-and-research-in-germany/scholarships/important-information-for-scholarship-applicants/
– Islän okuw ugry boýunça nemes uniwersitetine girmek üçin arzaňyzyň bellenilen möhletde tabşyrylmagy siziň jogapkärçiligiňiz bolandygyna üns beriň. Şonuň üçin kabul ediş talaplary, kabul edýän uniwersitete resminama tabşyrmagyň we girmegiň möhletleri, şeýle hem Germaniýa okuwa girmegiň düzgünleri barada öňünden bilmek möhümdir. Arzany tabşyran wagtyňyz kabul ediş habarnamasyny almadyk bolsaňyz, maliýeleşdiriş möhleti başlamazdan ozal tabşyrmaly. DAAD tarapyndan berlen talyp haky haty, diňe arzaňyzda görkezilen kabul ediji uniwersitetde okamaga kabul edilen bolsaňyz güýje girer.
– Eger-de okuw programmasy birnäçe aý dowam edýän Germaniýanyň daşynda okuw ýa-da tejribe döwrüni öz içine alýan bolsa, daşary ýurtda geçirýän wagtyňyz adatça diňe aşakdaky şertler ýerine ýetirilen wagtynda maliýeleşdirilýär:
– talyp hakynyň maksadyna ýetmek üçin zerur bolan okuw syýahaty,
– bu syýahat siziň wataňyzda geçmeýär we
– syýahatyň dowamlylygy talyp hakynyň möhletiniň dörtden birinden geçmeýär. Uzak möhletler bölekleýinem maliýeleşdirilip bilinmez.
– Arza tabşyrmagyň möhletiniň gutarýan wagtynda Germaniýada 15 aýdan gowrak ýaşaýan bolsaňyz, arzaňyz ret ediler.
Dil başarnyklary
Germaniýada okuw dili nemes dilidir. Halkara programmalarynda okuw dili iňlis ýa-da nemes we iňlis dilleridir.
Talyp hakyny almak üçin DAAD-a arzaňyzy tabşyranyňyzda, saýlanan okuw programmasy üçin okuw dilini (nemes, iňlis ýa-da nemes we iňlis) bilýändigiňizi subut etmeli.
– Okuw nemes dilinde bolsa, indiki şahadatnamalar umumy kabul edilýär: TestDaF, DSH, Deutsches Sprachdiplom der Kultusministerkonferenz (DSD), Goethe-Zertifikat, Österreichisches Sprachdiplom, telc Deutsch we onSET Deutsch.
– Okuw iňlis dilinde bolsa, indiki şahadatnamalar hödürlenip bilner, mysal üçin: Cambridge English, Cambridge Business, IELTS, ISE, TOEFL iBT, TOEFL Essentials, TOEIC, PTE Academic we onSET English.
‘Application procedure’ bölüminiň ‘Application documents’ kiçi bölüminde, doglan ýurduňyz üçin ýörite şahadatnamanyň zerurlygyny anyklaň.
DAAD portalyna ýüklenmeli resminamalar:
– Onlaýn arza: https://mydaad.b2clogin.com/mydaad.onmicrosoft.com/B2C_1A_signup_signin_SAPIAS_saml/samlp/sso/login
– Doly CV tablisa görnüşinde (3 sahypadan köp bolmaly däl)
– Germaniýada meýilleşdirilýän okuw taslamasynyň akademiki we şahsy sebäpleriniň beýany (höweslendiriş haty; 1 – 3 sahypa).
– Germaniýada ýerleşýän uniwersitete kabul ediş haty. Arzany tabşyran wagtyňyz kabul ediş habarnamasyny almadyk bolsaňyz, maliýeleşdiriş möhleti başlamazdan ozal bermelidir.
– Eger-de siz Germaniýada ikinji derejeli maksatnama ýa-da daşary ýurtda magistr derejesini almak hökmünde okamagy meýilleşdirýän bolsaňyz, “Information about your preferred master programs” resminamasyny tabşyrmalysyňyz. Doldurylan resminamany DAAD portalynyň ‘course profile’ bölümine ýükläň.
– Eger-de siz Germaniýada ikinji derejeli maksatnama ýa-da daşary ýurtda magistr derejesini almak hökmünde okamagy meýilleşdirýän bolsaňyz, Germaniýada gazanan kreditleriň siziň uniwersitetiňiz tarapyndan ykrar ediljekdigi barada subutnamany tabşyrmaly.
– Häzirki bahalar / aýratyn bahalar bilen ýazgy (DAAD portalyndaky ” University degree certificates ” bölümine ýüklenmeli)
– Soňky bahany (bahalaryny) görkezýän uniwersiteti gutaran barada kepilnama: resminamalaryňyzy tabşyrýan wagtyňyz okuwyňyzy tamamlamadyk bolsaňyz, kepilnamany maliýeleşdirilmäniň başlan döwründe tabşyrylmalydyr. Kepilnamany DAAD portalyndaky “University degree certificates” bölümine ýükläň.
– Saýlanan okuw ugrunyň dilini (dillerini) bilýändigi barada subutnama (alnan möhleti 2 ýyldan geçmeli däldir).
– Kwalifikasiýaňyz barada maglumatlardan ybarat bolýan uniwersitetiň professoryndan ýakynda alnan hödürleýiş haty (mundan ozal “reference”). ‘Submitting an application’ bölüminde bellenile görkezmelere serediň.
– Arzaňyza degişli bolup biljek beýleki resminamalar (mysal üçin, iş ýeriňizden kepilnama, okuwdan daşary çärelere gatnaşandygyňyz barada subutnama).
– Bahalandyryş ulgamynyň düşündirişi ( ” University degree certificates ” bölüminde portala ýüklenmeli).
– Milli dilde berlen resminamalaryň nemes ýa-da iňlis diline terjimesi (degişli resminamalar bilen bilelikde ýüklemeli).
– Ähli bahalar bilen orta mekdebiniň şahadatnamasy (“University entrance qualification” bölüminde portala ýüklenmeli)
Bellik: resminamalaryňyz milli diliňizde bolsa, nemes ýa-da iňlis diline terjime etmegiňizi haýyş edýäris.
Arzany tabşyrmak üçin soňky gün: 31/10/2023
Arzany tabşyrmak üçin
Germaniýa Federal Respublikasynyň ilçihanasynyň
Medeniýet bölümine ýüzleniň
Salgy: Aşgabat ş., “Ak Altyn” myhmanhanasy
744000 Aşgabat
DAAD maglumat merkezi infocenter@daad.de
Has giňişleýin maglumat: https://www2.daad.de/deutschland/stipendium/datenbank/en/21148-scholarship-database/?status=3&origin=78&subjectGrps=&daad=1&intention=&q=&page=1&detail=50026200