09
Jun

Malaýziýada Albuhari halkara uniwersitetinde (AIU) talyp haky

Malaýziýada Albuhari halkara uniwersitetinde (AIU) talyp haky
Döwlet Malaýziýa
Talyp haky Doly
Okuw dili Iňlis
Synag talaplary TOEFL/IELTS
Dereje Bakalawr
Deadline 2023-06-30

Bu talyp haky Albuhari gaznasy tarapyndan berilýär. Bakalawr we bir ýyllyk taýýarlyk (podkurs) okuwlary üçin awtomatiki usulda talyp haky berilýär. Okuw, ýaşaýyş jaýy we iýmit üçin aýlyk stipendiýa berilýär. Uniwersitet Malaýziýada Alor Setar, Kedahda ýerleşýär.

Talyp hakynyň mukdary AIU:

Okuw tölegi:

– Taýýarlyk okuwlary (podkurs): (1 ýyl)

– bakalawr derejesi: (3 ýyl)

Aýlyk iýmit üçin stipendiýä: (RM450 / aý)

Ýaşaýyş jaýynyň tölegi:

Bütin okuw döwri boýunça (1 + 3 ýyl)

Dalaşgär aşakdaky çykdajylary özbaşdak töleýär:

Ýol tölegleri;

Goşmaça töleg (bir gezeklik): RM750 [hasaba alyş tölegi, adaptasiýa tölegi, çakylyk tölegi].

Wiza tölegi (EMGS):

RM2500 (ilkinji gezek)

RM1000 (soňraky ýyllar)

Ätiýaçladyryş tölegi: RM1200 (okuwy gutarandan soň yzyna berilýär)

Taýýarlyk okuwlarynyň (podkursyň) ugurlary:

– Pikirlenmek endikleri

– Maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalarynyň esaslary

– Iňlis dili 1 we 2

– Matematika 1

– Bilelikdäki okuw meýilnamasy we liderlik

– Ykdysadyýet esaslary

– Dolandyryş bilen tanyşlyk

– Psihologiýa bilen tanyşlyk

– Hukuk

– ýazuw we gözleg endikleri

Bakalawr derejesi

– Iş dolandyryşy

– Iş dolandyryşy (Marketing)

– Iş dolandyryşy (Adam resurslaryny dolandyrmak)

– Çagalar üçin bilim

– Başlangyç bilim

– Mediýa we aragatnaşyk

– Ykdysadyýet

– Sosial ösüş

– Informatika

– Maliýe (Yslam Maliýe)

– Syýasat we halkara gatnaşyklar

Okuwyň dowamlylygy:

Podkurs (1 ýyl) + Bakalawr (3 ýyl) = Jemi 4 ýyl

Saýlaw kriteriýalary:

i. maşgala girdejisi 300 $ -dan pes bolmaly;

ii. Ýaş çäklendirmeleri: 18 ýaşdan 22 ýaşa çenli;

iii. Öýlenmedik / durmuşa çykmadyk bolmaly.

Arza tabşyryş:

Orta mekdepden şahadatnamany alandan soň dalaşgärler AIU talyp hakyna arzany tabşyryp bilerler:

Okuwa kabul etmek üçin dalaşgärleriň akademiki üstünlikleri we maşgala ykdysady ýagdaýyna serederler. Saýlaw tabgyrynyň möhleti 3 aýdan 6 aýa çenli dowam edip biler, sebäbi dalaşgär akademiki saýlawyny geçer, soň bolsa söhbetdeşligi we talyp haklary komitetiniň agzalary tarapyndan tassyklanar.

Maksatnamanyň onlaýn arza tabşyrmak sahypasy: https://apply.aiu.edu.my/?page=home

Bu maksatnama daşary ýurtly talyplar arzalaryny tabşyryp bilerler.

Iňlis dili boýunça talaplar:

AIU IELTS, TOEFL, TOEFL-iBT, MUET we LinguaSkill şahadatnamalaryny kabul edýär. Iňlis diliniň synagyny geçmek peýdaly bolar, emma synagy geçmedik bolsaňyz, mugt iňlis dili kursyny geçmäge hödürlener (IELTS).

* Has giňişleýin maglumat gerek bolsa Malaýziýanyň Aşgabatdaky ilçihanasyna ýüz tutmagyňyzy haýyş edýäris. mwashgabat@kln.gov.my +99312469090

Arzany tabşyrmak üçin soňky gün: 30-njy iýun, 2023

Çeşme: https://aiu.edu.my/scholarship/