17
Mar
Malaýziýada doly maliýeleşdirilýän MIS talyp haklary (2026) Magistratura we Doktorantura (PhD) maksatnamalary
Döwlet
Malaýziýa
Talyp haky
Doly
Dereje
Magistr, Aspirantura
Deadline
2026-04-03
MIS (Malaysia International Scholarship) 2026 talyp haky Malaýziýanyň öňdebaryjy uniwersitetlerinde okamak üçin zehinli halkara talyplaryny çekmäge gönükdirilendir. Bu maksatnama köp sanly akademiki ugrulary öz içine alýar. Esasy artykmaçlygy: eger öňki bilimiňiz doly iňlis dilinde alnan bolsa, IELTS sertifikaty bolmazdan hem arzaňyzy tabşyryp bilersiňiz. Şeýle hem, arzany tabşyrmak üçin hiç hili töleg alynmaýar.
Okuw ugurlary:
- Bilim
- Sungat we ynsanperwer ylymlary
- Jemgyýetçilik ylymlary, žurnalistika we maglumat
- Işewürlik, dolandyryş we hukuk
- Tebigy ylymlar, matematika we statistika
- Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary
- Inženerçilik, önümçilik we gurluşyk
- Oba hojalygy, tokaý hojalygy, balykçylyk we weterinariýa
- Saglygy goraýyş we durmuş üpjünçiligi (lukmançylyk, şepagat uýalygy we dermanhana hünärlerinden başga)
Kriteriýalar:
- Maksatnamanyň sanawyna girýän ýurtlaryň biriniň raýaty bolmak (Türkmenistan bu sanawa girýär).
- Gatnaşýan ýokary okuw jaýlarynda magistratura ýa-da PhD boýunça gündizki (full-time) bölüme arza tabşyrmak.
- Ýaş çägi:Arza tabşyrylýan wagty magistratura üçin 40 ýaşa, PhD üçin bolsa 45 ýaşa çenli bolmaly.
- ňlis dili: Eger mundane ozalky bilim derejesi iňlis dilinde alnan bolsa, IELTS talap edilmeýär.
- Talyp hakyna arzany tabşyranyňyzda, uniwersitetden kabul hatynyň (acceptance letter) bolmagy hökman däl.
- Ýokary akademiki netijeler we saýlanan ugra bolan uly höwes.
Artykmaçlyklary:
- Okuw dowamynda okuw töleginiň doly tölenmegi.
- Her aýda 1500 malaýziýa ringgiti (RM) möçberinde ýaşaýyş puly.
- Maglumat üçin: Malaýziýada ortaça aýlyk ýaşaýyş çykdajylary 700–800 RM töweregi bolup, bu talyp haky talyplar üçin örän amatlydyr.
- Iň gowy uniwersitetlerde okamak we halkara tejribesini almak mümkinçiligi.
Döwlet uniwersitetleri:
- Universiti Teknologi Malaysia (UTM)
- Universiti Sains Malaysia (USM)
- Universiti Putra Malaysia (UPM)
- Universiti Malaya (UM)
- Universiti Teknologi MARA (UiTM)
- Universiti Islam Antarabangsa Malaysia (IIUM)
- Universiti Utara Malaysia (UUM)
- Universiti Kebangsaan Malaysia (UKM)
- Universiti Tun Hussein Onn Malaysia (UTHM)
- Universiti Teknikal Malaysia Melaka (UTEM)
- Universiti Sains Islam Malaysia (USIM)
- Universiti Pendidikan Sultan Idris (UPSI)
- Universiti Malaysia Terengganu (UMT)
- Universiti Malaysia Sabah (UMS)
- Universiti Malaysia Pahang (UMP)
- Universiti Malaysia Sarawak (UNIMAS)
- Universiti Malaysia Perlis (UNIMAP)
- Universiti Sultan Zainal Abidin (UNISZA)
- Universiti Pertahanan Nasional Malaysia (UPNM)
- Universiti Malaysia Kelantan (UMK)
Hususy uniwersitetler:
- Universiti Teknologi PETRONAS (UTP)
- Universiti Tenaga Nasional (UNITEN)
- Multimedia University (MMU)
- INCEIF University
Gerekli resminamalar:
- Doldurylan onlaýn-anketa.
- Daşary ýurt pasportynyň nusgasy.
- Öňki bilim hakyndaky diplomlar.
- Akademiki transkriptler (bahalaryň ýazgysy).
- Iki sany hödürleýiş haty (recommendation letters).
- Ylmy-barlag meýilnamasy (Research Proposal) — PhD we ylmy magistratura üçin hökman.
- Höweslendiriş haty (Motivation letter).
Arza tabşyrmagyň tertibi:
- Resmi portala giriň: https://biasiswa.mohe.gov.my/INTER/login.php
- Hasaba duruň we şahsy otagyňyzy dörediň.
- Ähli maglumatlary dykgat bilen barlap, anketany dolduryň.
- Ähli gerekli resminamalaryň skanirlenen nusgalaryny ulgama ýükläň.
- Arzaňyzy barlap, möhlet gutarmanka ugradyň.
Arzany tabşyrmak üçin soňky gün: 3-nji aprel, 2026
Has giňişleýin: https://biasiswa.mohe.gov.my/INTER/doc/MIS/Guidelines%20MIS%202026.pdf