12
Sep

Şweýsariýada ETH Zurich talyp haky 2024/25, magistr derejesi

Şweýsariýada ETH Zurich talyp haky 2024/25, magistr derejesi
Döwlet Şweýsariýa
Talyp haky Doly
Okuw dili Iňlis
Synag talaplary TOEFL/IELTS
Dereje Magistr
Deadline 2024-11-30

Ýewropada ETH Zurich talyp haky ýokary bilimli talyplar üçin bilimi elýeterli etmegi maksat edinýär. Excellence Scholarship & Opportunity Programme (ESOP) maksatnamasy talyplara talyp hakyny bermek, ýolbaşçylyk etmek we ETH gaznasynyň toruna girmek arkaly goldaw berýär. Talyp haky okuw döwründe doly okuw we ýaşaýyş çykdajylaryny öz içine alýar.

Kabul ederlik:

  1. Bakalawr derejesinde ýokary bahaly netijeler (bakalawr derejesiniň iň gowy 10% = A bahasy).
  2. CV-de görkezilen telefon belginiň elýeterli bolmagyny haýyş edýäris, sebäbi saýlama prosesinde fewral aýynda telefon / wideo söhbetdeşligi geçip biler.

Artykmaçlyklary:

  • Excellence/ESOP talyp haky ýaşaýyş we okuw çykdajylaryny (semestr üçin 12,000 CHF) we mugt okuwdan ybarat bolýar.
  • ESOP talyp haky magistr derejesiniň (üç ýa-da dört semestr) dowamlylygy üçin berilýär. Şeýle-de hem mugt okuwdan ybarat bolýar.
  • Diňe ETH bakalawr talyplary ESOP maksatnamasyny boş ýyl bilen başlap bilerler.

Arza üçin resminamalar:

  • Dalaşgäriň rezýumesi.
  • Magistr derejesi we akademiki ýazgylar.
  • Programma gatnaşmagyň sebäbini we dalaşgäriň karýerasynyň ösüşine we ondan soňky täsirini düşündirýän 1-2 sahypalyk höweslendiriş haty.
  • Iki hünärli hödürleýiş haty.
  • Üznüksiz bilim mekdebinden dalaşgäriň degişli semestr üçin MAS, DAS ýa-da CAS maksatnamasyna kabul edilendigini tassyklaýan resmi hat.
  • Iňlis dili şahadatnamasy (iň az TOEFL derejesi C1) ýa-da halkara derejesinde ykrar edilen iňlis dili şahadatnamalary. Programma başga bir dilde iň pes derejäni talap edýän bolsa, şol derejäniň subutnamasy hem berilmelidir.

Maliýe üçin aragatnaşyk:

Dr. Barbara E. Hellermann

  • Telefon: +41 44 632 20 23 / +41 44 632 20 88
  • E-mail: studienfinanzierung@sts.ethz.ch

 

Arzany tabşyrmak üçin soňky gün: 30-njy noýabr, 2024.

Arzalar 2024-nji ýylyň 1-nji noýabryndan açyk.

Has giňişleýin maglumat: https://ethz.ch/students/en/studies/financial/scholarships/excellencescholarship.html