Tokio uniwersitetinde AÖB doly talyp haky
Aziýanyň Ösüş Banky 2023-nji ýylda Ýaponiýanyň Tokio uniwersitetinde okamak üçin daşary ýurtly talyplara doly talyp haklary hödürleýär. Aziýa Ösüş Bankyna agza ýurtlaryň talyplary bu talyp hakyna arzalaryny tabşyryp bilerler. Bu talyp haky Tokio uniwersitetinde dürli akademiki ugurlar boýunça magistratura derejesi üçin niýetlenendir. Mundan başga-da, arzany tabşyrmak üçin töleg tölemek talap edilmeýär.
Ösüş banky ýol tölegleri, okuw tölegleri we beýleki çykdajylary goşmak bilen ähli çykdajylary ödär.
Tokio uniwersiteti dünýäniň iň gowy uniwersitetleriniň sanawyna girýär. Uniwersitet QS World University Rankings 2023 reýtingine girdi we Aziýada birinji ýerde durýar. Uniwersitet talyplara gözleg we bilim üçin dünýä derejesindäki platforma hödürleýär we durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin ýokary derejesindäki hünärmenleri taýýarlamaga çalyşýar. Meşhur bolan Tokio uniwersitetinde AÖB talyp haky arkaly daşary ýurtly talyplar ýokary hilli bilim alarlar. Mundan başga-da, Ýaponiýanyň baý medeniýeti bilen tanşyp bilerler.
Şeýle-de hem, daşary ýurtly talyplar IELTS synagyny tabşyrman talyp hakyny almaga mümkinçilik alýarlar. Ýapon dilini bilmek hem talap edilmeýär, şonuň üçin dalaşgärler aňsatlyk bilen arzalaryny tabşyryp bilerler.
Okuw pudaklary:
– Gurluşyk we infrastruktura ösüşi
– Şäher gurluşygy
– Daşky gurşawy öwreniş
– Halkara gözlegler
– Durnuklylyk ylymlary
– Saglyk ylymlary
– Jemgyýetçilik syýasaty
– Tebigy daşky gurşawy öwreniş fakulteti
– Okean tehnologiýasy, syýasat we daşky gurşaw fakulteti
– Ekologiki ulgamlar fakulteti
– Ynsanperwer we inžener daşky gurşawy öwreniş fakulteti
– Sosial-medeni daşky gurşawy öwreniş fakulteti
– Halkara gözleg fakulteti
– Durnuklylyk ylmynda magistr derejesi
Kabul ederlik:
– Daşary ýurtly talyplar AÖB-e agza ýurtlaryň biriniň raýaty bolmaly.
– Bakalawr derejesi ýa-da şoňa meňzeş bolmaly.
– Üstünligiň ýokary derejesi.
– Iň azyndan iki ýyl hünär tejribesi bolmaly (bakalawr derejesini bitirenden soň).
– Arzany tabşyrmak üçin ýaşyňyz 35-den geçmeli däldir. Käbir ýagdaýlarda ýokary wezipeli adamlar we ýolbaşçylar ýaş çäkleri 45 ýaşa çenli uzaldylyp bilner.
– Daşary ýurtly talyplar okuwy gutarandan soň öz ýurduna gaýtmalydyrlar.
Magistr derejesine tabşyrýan dalaşgärler Tokio uniwersitetiniň bakalawr derejesi bilen deňeşdirip boljak akkreditlenen okuw jaýyndan bakalawr derejesini almalydyrlar.
Artykmaçlyklary:
– Mugt okuw
– Talyplar ýaşaýyş jaýy üçin kömek puly alarlar.
– Iýmit çykdajylary hem ödenýär.
– Lukmançylyk we heläkçilik ätiýaçlandyryşy hem berilýär.
– Kitap satyn almak üçin kömek pul.
– Wiza töleglerini, howa menziliniň töleglerini we goş töleglerini hem ödeýär.
– Mundan başga-da, dissertasiýa / gözleg işleri üçin, kserokopiýa, okuw esbaplary, telefon tölegleri, kompýuter çykdajylary, poçta, hökmany çykdajylar, ýerli syýahat çykdajylary we şäherden daşary çykanyňyzda ýaşaýyş ýeriniň çykdajylary hem ödenýär.
Gerekli resminamalar:
– Arza
– Baha tabeli
– Bakalawr diplomy
– Iki sany hödürleýiş hat
Arza beriş tertibi:
– Arzany tabşyrmak üçin indiki baglanyşyga (ssylka) boýunça geçiň: https://www.k.u-tokyo.ac.jp/en/exam/master/foreign_research_students/adb_jsp/
– Arzany dogry maglumatlar bilen dolduryň.
– Talyplar ilki bilen AÖB talyp hakyna arzany tabşyrmaly; talyp hakyny gazanandan soň, Tokio uniwersitetine girmek üçin arzany tabşyryp bilerler.
– Hödürleýiş hatlary, 2022-nji ýylyň dekabr aýynyň 10-na çenli e-mail arkaly sizi hödürleýän şahs tarapynda gönüden-göni halkara jemgyýetçilik gatnaşyklary bölümine iberilmelidir. E-mail-yň ady “ADB recommendation letter_Name” (dalaşgäriň ady) bolmaly.
– 10-njy dekabrdan soň ilkinji saýlawyň netijeleri yglan ediler.
– Saýlanan dalaşgärler asyl resminamalary tabşyrmalydyrlar.
Arza tabşyryş gollanmasy: https://www.k.u-tokyo.ac.jp/assets/files/ADB%20Guideline_2023.pdf
Arzany tabşyrmak üçin soňky gün: 10-njy dekabr 2022
Doly maglumat: https://www.k.u-tokyo.ac.jp/en/exam/master/foreign_research_students/adb_jsp/