17
Dec

Türkiýe Talyp Haky Maksatnamasy (Türkiye Bursları)

Türkiýe Talyp Haky Maksatnamasy (Türkiye Bursları)
Döwlet Türkiýe
Talyp haky Doly
Dereje Bakalawr, Magistr, Aspirantura
Deadline 2026-02-20

Türkiye Bursları — bu halkara talyplar üçin Türkiýe Respublikasy tarapyndan durmuşa geçirilýän, hökümet tarapyndan maliýeleşdirilýän ýokary bilim talyp haky maksatnamasydyr. Türkiye Talyp Hakynyň esasy maksady, bütin dünýäde üstünlikli talyplara olary almak üçin deň mümkinçilikler döretmekdir.

GEREKLI RESMINAMALAR

Türkiye Talyp Hakynyň Arza Tabşyryş Ulgamy (TBBS) arkaly onlaýn görnüşde tabşyrylýan arzalar üçin ähli dalaşgärler ulgama aşakdaky resminamalary ýüklemelidirler:

  • Degişli şahsyýeti tassyklaýan resminama, şahsyýet kartasy (ID-karta) ýa-da pasport
  • Dalaşgäriň soňky 1 ýylyň içinde düşen suraty
  • Milli synag netijeleri (eger bar bolsa)
  • Diplom ýa-da wagtlaýyn tamamlama şahadatnamasy
  • Baha tabeli (diplom/şahadatnama goşundy, bahalary görkezýän)
  • Saýlanan uniwersitet ýa-da maksatnama tarapyndan talap edilýän bolsa, halkara synaglaryň netijeleri (GRE, GMAT, SAT we ş.m.)
  • Saýlanan uniwersitet ýa-da maksatnama tarapyndan talap edilýän bolsa, TOEFL, DELF ýaly halkara dil synaglarynyň netijeleri
  • Gözleg temasyny hödürlemek we geçiren gözlegiňiziň ýazmaça mysaly (diňe PhD arzalar üçin)

Möhüm jikme-jiklikler

Türk uniwersitetlerindäki köp maksatnamalar türk dilinde okadylýar. Şeýle-de bolsa, käbir fakultetler we uniwersitetler iňlis we beýleki dillerde maksatnamalary hödürläp bilerler. Şeýle maksatnamalarda okamak isleýän dalaşgärler, dil bilimi barada halkara derejede ykrar edilen şahadatnamany bermelidirler (TOEFL ýa-da uniwersitet resmi taýdan kabul edýän beýleki deň derejeli şahadatnamalar). Bu maksatnamalaryň köpüsi halkara giriş synaglarynyň netijelerini (GRE, GMAT, SAT we ş.m.) talap edýär. Dalaşgärler arza tabşyryş ulgamynda maksatnamalary saýlanda okadylýan dili barlap bilerler.

Milli synag netijeleriniň deregine SAT ýa-da GCSE ýaly halkara hünär derejesine eýe bolan bakalawr dalaşgärleri, bu halkara synaglara laýyklykda orta bilimi tamamlamak üçin zerur bolan iň az hünär derejesini hödürlemelidirler.

Türkiye Talyp Hakynyň Türk Dilini Bilmek boýunça C1 Deresine degişli Şahadatnamasy bolmadyk ähli dalaşgärler (iňlis ýa-da beýleki dillerdäki maksatnamalara ýerleşdirilenler hem şol sanda), 1 ýyllyk Türk Dili Kursuny geçmeli we okuw ýylynyň ahyryna çenli C1 Derejesiniň Şahadatnamasyny almaly.

Goşmaça mümkinçilikler:

  • Başga ýokary bilim talyp haky maksatnamalaryndan tapawutlylykda, uniwersitet we fakultet boýunça ýerleşdirmegi üpjün edýär.
  • Okuw töleglerini dolulygyna öz içine alýar.
  • 1 ýyllyk Türk dili Kursuny geçip ýurduň dilini öwrenmäge mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, siziň ylmy gözlegleriňizde çeşmeler giňelýär we gündelik durmuş has ýakymly bolýar.
  • Ýaşaýyş jaýyny üpjün edýär.
  • Siziň bir gezeklik uçar biletiňizi töleýär.
  • Umumy saglyk ätiýaçlandyryşy arkaly giň ýaýran saglyk hyzmatlaryndan doly peýdalanmaga mümkinçilik berýär.
  • Şeýle-de aýlyk stipendiýa berýär:
    • Hünärmen we bakalawr derejeleri üçin: 500 TL
    • Magistr derejesi üçin: 500 TL
    • PhD derejesi üçin: 000 TL

Arza Tabşyrmak Üçin Kriteriýalar

Iň az akademik üstünlik

  • Hünärmen we bakalawr derejesine dalaşgärler üçin: 70% ýetişgenlik
  • Ylmy dereje almak isleýän dalaşgärler üçin (magistr, PhD): 75% ýetişgenlik
  • Saglyk ylymlary boýunça dalaşgärler üçin (Lukmançylyk, Stomatologiýa we Farmasiýa): 90% ýetişgenlik

Ýaş kriteriýalary

  • Hünärmen we bakalawr derejesi üçin: 21 ýaşdan kiçi
  • Magistr derejesi üçin: 30 ýaşdan kiçi
  • PhD derejesi üçin: 35 ýaşdan kiçi
  • Gözleg üçin talyp haky: 50 ýaşdan kiçi

Kabul edilip bilinjekler

  • Ähli ýurtlaryň raýatlary
  • Uçurymlar ýa-da häzirki okuw ýylynyň ahyrynda (awgust aýyna çenli) okuwy gutarjaklar
  • Gözlegçiler we ylmy işgärler

Kabul edilmejekler

  • Türkiýäniň raýatlary we Türkiýäniň raýatlygyny ýitiren adamlar
  • Häzirki wagtda arza tabşyrýan bilim derejesinde türk uniwersitetlerinde bilim alýan adamlar

Arza tabşyrmak möhleti: 10-njy ýanwar – 20-nji fewral aralygy

Has giňişleýin https://www.turkiyeburslari.gov.tr/