ÝHHG akademiýasy tarapyndan magistr derejesi üçin talyp haky 2023-2025
Bişkekdäki ÝHHG akademiýasy 2002-nji ýylda Gyrgyzystanyň hökümeti we Ýewropadaky Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) tarapyndan döredilen jemgyýetçilik binýady. ÝHHG akademiýasy magistratura, okuw, gözleg we intellektual alyş-çalyş arkaly ÝHHG -nyň ýörelgelerini we gymmatlyklaryny öňe sürýär. “Ykdysady dolandyryş we ösüş” we “Syýasat we howpsuzlyk” ugurlary boýunça ýokary bäsdeşlik esasynda her ýyl 60-a çenli talyp kabul edilýär. Maksatnamalar syýasaty öwreniş, howpsuzlyk okuwlary, halkara gatnaşyklary, dawa-jenjeliň öňüni almak, halkara ösüş okuwlary, ykdysadyýet we dolandyryş boýunça bilimlerini giňeltmek isleýän ýaş hünärmenler üçin döredildi.
Maksatnamalr 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda başlar we 2024-nji ýylyň 29-njy fewralynda tamamlanar. Ähli talyplar 2022-nji ýylyň 1-nji awgustyndan 26-njy awgustyna çenli taýýarlyk tomus mekdebine gatnaşmalydyrlar. Maksatnamalaryň ikisem doly okuw güni formatynda geçer we talyplardan Bişkekde ýaşamagyny talap edýär.
Kriteriýalar:
- Mundan ozalky derejäni (dört ýyllyk bakalawr, magistr, hünärmen diplomy) degişli akademiki ugurda üstünlikli tamamlamaly
- Iňlis dilini ýokary derejede bilmeli
- Akademiýanyň ýedi maksatnama ýurtlaryndan biriniň (Owganystan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Mongoliýa, Täjigistan, Türkmenistan, Özbegistan) ýa-da ÝHHG-a gatnaşýan beýleki döwletleriň raýaty bolmaly
Talyp hakynyň mukdary:
- Mugt bilim
- 360 ýewro mukdarynda aýlyk stipendiýa (18 aýyň dowamynda berilýär)
- Bişkega we gaýdyş üçin ýol tölegi (ekonom klas)
- Lukmançylyk ätiýaçlandyryşy
- Iň ýokary ortaça bahaly talyplar Ýewropada tejribe mümkinçilikleri alarlar
Arzany tabşyrmak üçin anketany dolduryň we hasaba alynyň:
Syýasat we howpsuzlyk: https://osce.embark.com/apply/politicsandsecurity2023
Ykdysady dolandyryş we ösüş: https://osce.embark.com/apply/governanceanddevelopment2023
Habarlaşmak üçin:
Syýasat we howpsuzlyk: MA-PS@osce-academy.net
Ykdysady dolandyryş we ösüş: MA-EGD@osce-academy.net
Tabşyryş möhleti 2023-nji ýylyň 15-nji ýanwary, sagat 11-de (Bişkek wagty)
Doly maglumat: https://osce-academy.net/en/programmes/masters/admission/