ÝHHG Akademiýasynyň 2026–2028 ýyllar üçin magistr derejesi maksatnamalary
Bişkek şäherindäki ÝHHG Akademiýasy — bu jemgyýetçilik gaznasy bolup, 2002-nji ýylda Gyrgyz Respublikasy bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) tarapyndan esaslandyryldy. Akademiýa ÝHHG-niň ýörelgelerini we gymmatlyklaryny magistr derejesindäki bilim, hünär taýýarlygy, ylmy gözlegler we intellektual alyş-çalşyk arkaly öňe sürýär.
2026–2028 ýyllar üçin Akademiýa aşakdaky üç magistr maksatnamasyny hödürleýär:
- Siyasat we howpsuzlyk (Merkezi Aziýa) boýunça sungat magistri — maksatnama 2025–2027 ýyllar üçin;
- Ykdysady dolandyryş we ösüş boýunça sungat magistri — maksatnama 2025–2027 ýyllar üçin;
- Adam hukuklary we durnukly ösüş ugrunda ýöriteleşýän erkin sungatlar we ylymlar magistri (MAHRS) — maksatnama 2025–2027 ýyllar üçin.
Maksatnamanyň artykmaçlyklary:
- Tölegsiz okuw;
- Aýda 450 ýewro möçberinde stipendiýa;
- Bişkek şäherine we yzyna ekonom klasda uçag biletleri (gatnawyň özi üpjün edilýär);
- Esasy lukmançylyk ätiýaçlandyryşy (Gyrgyzystanyň raýatlary bolmaýan talyplar üçin);
- Ýewropada tölegli tejribe geçmek mümkinçiligi — iň ýokary akademiki görkezijili talyplar üçin.
Talap edilýän şertler:
Dalaşgärler aşakdaky talaplara laýyk gelmelidir:
- Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Owganystanyň, Mongoliýanyň ýa-da ÝHHG-niň gatnaşýan döwletleriniň biriniň raýaty bolmaly;
- Bakalawr derejesine ýa-da onuň bilen deň derejeli diplomyna eýe bolmaly. Okuw ugry jemgyýetçilik ylymlary, ynsanperwer ylymlar, ykdysadyýet, hukuk, dil, sosiologiýa, halkara gatnaşyklary, syýasat ylymy ýa-da edebiýat ýaly ugurlaryň biri bolmaly;
Eger dalaşgär entek diplomyny almadyk bolsa, ol diplom beriljek senäni görkezýän resmi haty we bahalaryň ýazgysyny (transkripti) tabşyrmaly; - Inlis dilini ýokary derejede bilmek (ýokary synag ballary: IELTS – 6.5 ýa-da TOEFL – 90).
Habarlaşmak üçin:
Soraglaryňyz boýunça şu salgy boýunça ýüz tutup bilersiňiz:
ma-admission@osce-academy.net
Arza tabşyrmak tertibi:
Arza tabşyrmak üçin, onlaýn görnüşdäki arza formasyny doldurmak zerurdyr:
🔗 https://osce-academy.net/en/admission/ps/
Arzalary tabşyrmagyň soňky möhleti:
31-nji ýanwar, 2026, sagat 23:00 (Bişkek wagty bilen)
Giňişleýin maglumat:
https://www.osce-academy.net/en/seminars/full/408.html