Okajak – türkmen ýaşlaryna ýokary bilim almak we konferensiýa, okuw, onlaýn kurs ýaly beýleki bilim mümkinçiliklerini kesgitlemäge kömek edýän bilim web sahypasydyr. 

Taslamanyň ýolbaşçylary bilimiň güýjüne we ähmiýetine ynanýanbilim mümkinçilikleri baradaky maglumatlaryň Türkmenistanyň ýaşlaryna okuwyň elýeterli bolmagyny we şeýlelik bilen jemgyýetine goşant goşmagyny isleýän pikirdeş adamlar bolup durýar. 

Taslamanyň pikiri, ilki bakalawr derejesini, soňra bolsa magistr derejesini almak, alyş-çalyş maksatnamalaryna, konferensiýalara we kurslara gatnaşmak üçin talyp hakyny almagy başaran, tejribelerini we maglumatlaryny beýlekiler bilen paýlaşmak isleýän esaslandyryjylaryň bilim ýolunyň netijesinde ýüze çykdy.  

Okajak 2019-njy ýylda döredildi. Sahypada, türkmenlere we daşary ýurt uniwersitetlerine girmek üçin zerur resminamalardan, synaglardan başlap, talyp haky mümkinçiliklerinden we başarnyklary ösdürmek baradaky makalalara çenli ähli maglumatlar bar. Mundan başga-da, türkmen, rus we iňlis dillerinde onlaýn maslahatlar hem elýeterlidir. 

Bizi goldamak isleseňiz, sahypamyzdaky mahabatlary barlap bilersiňiz.