15
Apr

2025-2026-njy okuw ýyly üçin Aşgabat halkara mekdebiniň talyp haky maksatnamasy

2025-2026-njy okuw ýyly üçin Aşgabat halkara mekdebiniň talyp haky maksatnamasy
Deadline 2025-04-18

Aşgabat halkara mekdebi Mastery Learning (Ökde öwreniş) bilimlendiriş modelini goldaýar. Talyplar öwrenilýän maksatnama boýunça ýokary derejede ökdelik (bilim, endik we başarnyk) gazanmaga mümkinçilik berýän tizlikde okaýarlar. Şeýle çemeleşme akademiki talaplaryň ýokarlanmagyna we okuwda üstünlik gazanylmagyna ýardam berýär.

Aşgabat halkara mekdebindäki akademiki maksatnamalar tankyt pikirlenmek we meseleleri çözmek, liderlik we hyzmatdaşlyk, medeni habarlylygy we sanly sowatlylygy ýaly 21-nji asyryň okuw endiklerini ösdürmäge gönükdirilendir.

Arzany tabşyrmak üçin gerekli resminamalar:

  • Arza
  • Esse (arza formasynyň 5-nji bölümi)
  • Iş beriji tarapyndan girdejini tassyklaýan gol çekilen beýannama (#1)
  • 2023-2024 we 2024-2025-nji okuw ýyllary üçin doly akademiki ýazgy.
  • Bu resminamalar ähli arza berijiler üçin iňlis diline resmi terjime edilmelidir.

Arza formasy şu ýerden göçürip alyp bolýar: https://resources.finalsite.net/images/v1744169277/qsiorg/rzbzvpnik5o0ezwm7bi3/ScholarshipApplication25-26-1.pdf  ýa-da AIM ofisinden alyp bilersiňiz:

Berzengi, Atatürk köçesi

Aşgabat, Türkmenistan

+99312- 48-90-27 / 28

Arzany tabşyrmak üçin soňky gün: 18-nji aprel, 2025-nji ýyl (Türkmenistan wagty bilen sagat 16:00-da)

Has giňişleýin: https://ashgabat.qsi.org/academics/scholarships