07
Mar

Türkmenistanda kliniki rezidensiýa kabul edişlik yglan edildi

Türkmenistanda kliniki rezidensiýa kabul edişlik yglan edildi
Deadline 2023-04-30

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk senagaty ministrliginiň edaralary kliniki rezzidensiýa kabul ediljekdigini habar berdiler. Azyndan 3 ýyl iş tejribesi bolan, 35 ýaşdan kiçi bolan lukmanlar, şeýle hem uçurymlaryň şahsy paýlanyşy boýunça komissiýa tarapyndan maslahat berlen ýokary lukmançylyk okuw jaýlaryň uçurymlaryň arasyndaky lukmanlary bäsdeşlik esasynda bu maksatnama kabul ederler.

Gerekli resminamalar:

  • ýokary lukmançylyk biliminiň diplomynyň we ykara edilen resminamanyň göçürmesi (daşary ýurtda bilim alan adamlar üçin,
  • degişli diplomyň göçürmesi, şeýle hem daşary ýurt döwletleriniň bilim baradaky resminamalarynyň Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan berlen ýokary bilim diplomyna deňligi baradaky şahadatnamanyň göçürmesi);
  • işgärleriň ýazgylary üçin şahsy sahypa;
  • № 086 / h görnüşindäki lukmançylyk kepilnamasy;
  • 4×6 sm ululykdaky üç sany surat;
  • iş kitabynyň göçürmesi.

Bitarap Türkmenistan gazetiniň habaryna görä, kliniki rezidensiýa arzalaryny tabşyrýan dalaşgärler şahsyýet resminamany we ýokary okuw bilimi barada diplomy şahsy tabşyrmalydyrlar (daşary ýurtda bilim alan adamlar üçin – diplom we ykrar edilen resminama).

Kliniki rezidensiýa arzalary 2023-nji ýylyň 1-nji aprelinden 30-njy apreline çenli kabul edýärler.

Doly maglumaty Turkmenistan gazeti, 20-nji fewral 2023 ýyl senesindäki neşirinden tapyp bilersiňiz.

Çeşme: https://turkmenportal.com/blog/58121/v-turkmenistane-obyavlen-priem-v-klinicheskuyu-ordinaturu