Sankt-Peterburg döwlet uniwersitetine girmek tejribäň nähili?
– Uniwersitete talyplar üçin açyk bolan bäsdeşlik esasynda girdim. Her bir dalaşgäriň birbada üç fakultete arzany tabşyrmaga mümkinçiligi bar, ýöne her fakultet üçin arzadan, üstünliklerden (olimpiadalara gatnaşmak, kurs şahadatnamalary we ş.m.) we elbetde şahsy resminamalardan ybarat bolýan resminamalar toplumyny ýygnamaly.
Arzany tabşyranyňda üstünlik gazanmaga näme kömek etdi diýip pikir edýärsiň?
– Çagalygymdan Aşgabatdaky dürli kurslara gatnaşyp, iňlis dilini öwrendim we resminamalarymy ýüklänimde hemme şahadatnamalarymy hem tabşyrdym. Esasy artykmaçlygy, saýlanan hünäre bolan gyzyklanmamy we taýýarlygymy görkezmekdi diýip pikir edýärin. Mundan başga-da, orta mekdepdäki alnan bahalarymyň hem ähmiýeti bardy.
Umuman aýdanyňda, arza tabşyryş prosesi kynçylyk bildirmedi, sebäbi uniwersitetiň web sahypasynda hemme zat jikme-jik beýan edilýär. Mundan başga-da, häzirki wagtda diňe anketany we arzany tabşyrmak ýeterli bolýar. Soraglaryňyz bar bolsa, kabul ediş topary elmydama kömek etmäge şat.
Sankt-Peterburg döwlet uniwersitetinde okamagyň artykmaçlyklary we kemçilikleri nämedir?
– Tölegsiz okuwa gireniňizde köp artykmaçlyklary tapyp bilersiňiz, mysal üçin, maliýe kömegi, ýokary mukdarly talyp hakyny almak mümkinçiligi, az tölegli umumy ýaşaýyş jaýy, talyplar üçin mugt syýahat we ş.m. Belli bir sosial ýagdaýy bolan talyplar ýylda iki gezek maliýe kömegini alyp bilerler. Mundan başga-da, bir talyp dynç alyş wagtynda öýüne gidip gelse we muny zerur resminamalar bilen tassyklasa, ýol tölegleri üçin sarp edilen serişdeleriň bir bölegi yzyna gaýtarylar (menem bir gezek bu mümkinçilik bilen peýdalanyp görüpdim).
Esasy kemçiliklerinden biri umumy ýaşaýyş jaýydyr. Ol Petergofda ýerleşýär we okuwa gatnanyňda, her gün ýola bäş sagat töweregi wagt sarp etmeli. Emma, umumy ýaşaýyş jaýynyň töwereginde birnäçe fakultetler bar, şonuň üçin käbir talyplara şähere gitmek zerurlygy ýok. Uniwersitetiň şäherde birnäçe umumy ýaşaýyş jaýy bolansoň, talyplar göçmek üçin awtomatiki nobata durýarlar, ýöne pandemiýa döwründe bu ulgam işlemeýär.
Şu wagt bu uniwersitetde okamagy meýilleşdirýän dalaşgärlere näme maslahat bererdiň?
Öňünden taýarlyk görüň, dürli şahadatnamalar, olimpiadalara, ýaryşlara gatnaşmak bilen arzaňyza artykmaçlyk goşuň, sebäbi kabul ediş topary üstünlikler boýunça arzany bahalandyrýar. Dalaşgärleriň arasynda tapawutlanmak üçin arzany kemini doldurmaly.