– Siz nirede okaýarsyňyz? Haýsy ugury saýladyňyz? Size bu ugurda okamaga näme ylham berdi?
– Häzirki wagtda Bişkekdäki ÝHHG akademiýasynda okaýaryn. Magistr derejesiniň “Syýasat we howpsuzlyk” ugrunyň birinji ýyl talyby.
Dogrusyny aýtsam, ÝHHG akademiýasynyň Merkezi Aziýada ýerleşendigi, syýasat we halkara gatnaşyklary derslerinde toplumlaýyn okatmaga we öwrenmäge aýratyn üns berendigi meni ruhlandyrdy.
– Uniwersitet barada maglumaty nädip tapdyňyz? Siziň talyp hakyňyz barmy? Bar bolsa, dolymy ýa-da bölekleýin?
– Bu okuw hakda Okajak web sahypasy arkaly öwrendim. Bu ýerde maksatnama we möhüm resminamalar bilen baglanyşykly ähli möhüm maglumatlary okadym. Hawa, okuwym, Bişkekdäki ähli ýaşaýyş çykdajylary, saglyk ätiýaçlandyryşy we gezelenç syýahatyny öz içine alýan doly talyp hakym bar.
– Uniwersite haçan we nädip ýüz tutduňyz? Arza tabşyryş prosesi nähili geçdi? Haýsy resminamalar gerekdi? Resminamalaryňyzy nädip iberdiňiz? Synag netijelerine talaplar barmydy?
– Dogrymy aýtsam, arzany tabşyrmak beýle bir kyn däldi. Tutuş proses we zerur resminamalar Okajak web sahypasynda jikme-jik beýan edildi. Görkezmelere eýermek ýetrlidir.
Talap edilýän resminamalar esasan birmeňzeşdir we etmeli zadyňyz, olary ýygnamak: höweslendiriş haty, diplomlaryňyzyň skanirlenen nusgalary, 2 sany hödürleýiş haty, IELTS ýa-da TOEFL synaglar boýunça bahaňyz. Onlaýn arzany hasaba almaly we doldurmaly.
Şeýle hem, Okajak web sahypasynda arza tabşyryş prosesini gözden geçirdim. Bişkekdäki ÝHHG akademiýasyna arzany tabşyrmak üçin üç ädimden geçmeli:
Birinji ädim “talaplara laýyk gelmek” – ähli zerur resminamalary ýygnamaly we onlaýn platformanyň üsti bilen arzany tabşyrmaly.
Ikinji ädim, onlaýn geçirilen iki synagdan ybarat: Iňlis grammatikasy synagy we Merkezi Aziýa sebitindäki halkara meselelerine gönükdirilen syýasat synagy.
Üçünji ädim, akademiýanyň mugallymlary bilen söhbetdeşlik.
– Geljekki akademiki we kär islegleriňizi we uniwersitetdäki wagtyňyzyň olar üçin nädip taýýarlanandygyny paýlaşyp bilersiňizmi?
– Bu sorag meniň üçin kyn däl. Merkezi Aziýa sebitiniň ösüşine goşant goşmak isleýärin. Bişkekdäki ÝHHG akademiýasynda okanymda gazanjak bilimlerimiň we tejribelerimiň geljekdäki akademiki we hünär isleglerimde maňa kömek etjekdigine ynanýaryn.
– Arzany tabşyranyňyzda we / ýa-da okuw wagtynda haýsy kynçylyklary başdan geçirdiňiz we olary nädip ýeňdiňiz?
– Umuman aýdanymda, Bişkekdäki ÝHHG akademiýasyna arzamy tabşyranymda hiç hili kynçylyk görmedim. Her ädimi Okajak web sahypasynda jikme-jik beýan edilýär. Diňe ädimme-ädim yzarlamaly.
– Netijede, şol bir uniwersitetde okamak isleýän geljekki talyplar üçin maslahatyňyz ýa-da teklipleriňiz barmy?
– ÝHHG akademiýasyna arzany tabşyrmak barada pikir edýän geljekki dalaşgärlere ýüzlenýän habarym, şübheleriňiz ýa-da ikirjiňlenmeleriňiz bar bolsa, gysga wagtda olary aklyňyzdan çykaryň. Bu okuw jaýyny gowy görersiňiz.
Ikinji maslahatym, magistr derejesine mümkin boldugyça ir ýüz tutmak. Arzany tabşyrmak üçin soňky güne çenli garaşmaň we ähli zerur resminamalary öňünden ýygnaň.