Italiýada Padua Excellence atly halkara talyp haky, 2025/2026 okuw ýyly, Bakalawr we Magistratura derejesi

Padua Uniwersiteti, 2025/2026 okuw ýyly üçin iňlis dilinde okadylýan bilim maksatnamalaryna ýazylýan ýokary zehinli daşary ýurtly talyplara 62 sany talyp haklaryny hödürleýär. Talyp haky maksatnamasy ýokary bäsdeşligi bilen tapawutlanýar. Diňe iň ýokary üstünlikli we mekdep/akademiki hasabatlary görkezýän dalaşgärler talyp hakyny gazanyp bilerler. Üstünlikli talyp hakynyň eýelerinden ilçilik roluny ýerine ýetirmegi we birnäçe çärelerde uniwersiteti temsil etmegi garaşylýar.
Dowamlylyk: Padua Halkara talyp hakynyň maksimum dowamlylygy:
- Magistratura dalaşgärleri üçin 2 ýyl;
- Bakalawriat we Ýeke-Döwürli dereje dalaşgärleri üçin 3 ýyl.
Artykmaçlyklary:
- Bilim programasynyň tutuş dowamynda maddy kömek.
- Her ýyl jemi 8,000 ýewro möçberinde stipendiýa.
- 7,000 ýewro möçberinde sebitleýin stipendiýa hem elýeterlidir.
Talaplar:
- Italiýa raýatlygy bolmaly däl (Italiýany öz içine alýan goşa raýatlyk muňa degişli däl);
- Italiýa uniwersitet ulgamyna hak berýän Italiýada alynmadyk, daşary ýurdyň orta mekdep şahadatnamasy (Bakalawriat ýa-da Ýeke-döwürli derejäniň dalaşgärleri üçin) ýa-da Italiýada alynmadyk bakalawriat derejesi (Magistratura derejesiniň dalaşgärleri üçin) bolmaly;
- Italiýada hemişelik ýaşamadyk bolmaly;
- Padua Uniwersitetinde doly iňlis dilinde okadylýan ýokarda agzalan dereje maksatnamalarynyň birine ýa-da birnäçesine ýüz tutup bilersiňiz. Maksimum 3 sany dereje maksatnamasyna arzaňyzy tabşyryp bilersiňiz.
Padua Uniwersitetiniň iňlis dilinde okadylýan maksatnamalarynyň doly sanawy şu salgyda elýeterlidir: https://www.unipd.it/en/english-degrees
Gerekli resminamalar
- Rezmýume (CV)
- Pasport ýa-da şahsyýetnama
- Akademiki ýetişgenlik barada şahadatnama ýa-da baha tablysy
- Höweslendiriş haty
- Dil bilimi derejesi barada şahadatnamasy
- Ýokary orta mekdep şahadatnamasy ýa-da akademiki hünär
- Goşmaça, saýlanan dereje maksatnamasy üçin ýörite resminamalar talap edilip bilner.
Arza tabşyryş prosesi:
- Daşary ýurtly talyplar Padua Uniwersitetine olaryň onlaýn arza tabşyryş ulgamy arkaly aňsatlyk bilen arzalaryny tabşyryp bilerler: https://apply.unipd.it/
- Zerur resminamalary taýýarlaň we 2-nji maý 2025-nji ýyla çenli öz arzaňyzy onlaýn iberiň.
- Aýratyn arza tabşyryş formasy ýok.
Arzany tabşyrmak üçin soňky gün: 2-nji maý 2025-nji ýyl
Has giňişleýin maglumat: https://www.unipd.it/en/padua-excellence