Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty
Ugurlary (hünärleri)
- Ykdysadyýet we dolandyryş (hünärler: statistika; döwlet we ýerli dolandyryş; makroykdysadyýet; ykdysadyýetde we dolandyryşda maglumat ulgamlary; ykdysady kibernetika; elektron işewürliginiň ykdysadyýeti; elektron tä jirçiligi; ilatyň durmuş üpjünçiligini guramak).
- Informatika we hasaplaýyş tehnika sy (hünär: awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň we kompýuter tehnikasynyň programma üpjünçiligi).
Tölegli esasda hünärmenleri taýýarlamagyň ugurlary we hünärleri:
1. Ykdysadyýet we dolandyryş (hünärler: ykdysadyýet we hukuk; maliýe hukugy; buhgal terçilik hasaba alnyşy we audit; ykdysady howp suzlyk; maliýe menejmenti; gymmatly kagyzla ryň bazary; baha kesmek işi; pul dolanyşygy we karz; dünýä maliýe bazary; dünýä ykdysadyýeti; menejment; kärhananyň ykdysadyýeti we dolan dyrylyşy; marketing; hili dolandyrmak; harytşy naslyk we harytlaryň ekspertizasy; jemgyýetçilik iýmitini guramak; zähmetiň ykdysadyýeti we bazary).
Tölegli esasda bakalawrlary taýýarlamagyň ugurlary:
1. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarly gyň ugurlary: ykdysadyýet; sanly ykdysadyýet; menejment; işewürlik we telekeçilik; täjirçilik).
Instituta Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
- bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
- bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
- umumy orta (ýada orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);
- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we der man senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
- soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
- 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
- işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tas syklanan göçürmesi;
- giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýag daýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumy bilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli res minamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.
Bulardan başgada, okuwa girmäge isleg bildir ýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlik de, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşak dakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
- şahsy pasportyny;
- Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnama syny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:
ykdysadyýet we dolandyryş ugry — matematika, Türkmenistanyň taryhy, geografiýa;
awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň we komp ýuter tehnikasynyň programma üpjünçiligi hünäri — matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy.
Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenista nyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalary nyň esasynda geçirilýär.
Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagt da synaga esassyz sebäplere görä gelmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:
- ykdysady hünärler boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;
- çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň salgysy: Aşgabat ş., 1972nji (Atatürk) köçe, 73, tel.: 486271, 486276.