Aşgabatdaky Rus öýünde Russiýanyň ýokary okuw jaýlarynda okuw üçin Education in Russia ulgamynyň üsti bilen kwota almak boýunça anketalaryň doldurylmagyna degişli hünärmenleriň goldawy bilen yzygiderli maslahatlar başlanýar.
Salgy: Aşgabat ş., Türkmenbaşy şaýoly, 11-nji jaý
Ilkinji çäre: 1-nji oktýabr, sagat 16:00-dan 18:00-a çenli
Özüňiz bilen getirmeli resminamalar:
- Daşary ýurt pasporty (asyl nusgasy), eger ol ýok bolsa – içerki pasport (asyl nusgasy);
- Notarial taýdan tassyk edilen terjimesi bilen bilelikde attestat,
eger attestat heniz ýok bolsa – geçen ýylyň gutarnyk synp okuwlarynyň bahalary.
Şeýle hem getirmek maslahat berilýär (eger bar bolsa):
- 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan şu güne çenli bolan şahsy gazanylan üstünlikleriňizi tassyklaýan resminamalar;
- eger resminama rus dilinde bolmasa – asyl nusgasy we islendik terjime merkezinden terjimesi.
Arzaňyzy şu e-poçta ugradyp ýazylmagyňyzy tassyklaň: otdel_tm@mail.ru
Russiýanyň iň gowy ýokary okuw jaýlaryna hünärmenleriň goldawy bilen resminamalaryňyzy tabşyrmak mümkinçiligi sypdyrmaň!